Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambuldaky partlamany gurnaýjylar belli boldy


Şu gün kürtleriň PKK partiýasyna degişli toparyň wekilleri ýekşenbe güni Stambulda bolan partlamanyň jogapkärçiligini öz üstlerine aldylar.

“TAK” toparynyň internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatda 31-nji oktýabrda Stambulda bolan partlamany bu toparyň özleriniň gurnandygy äşgär edilýär.

Şol partlama Stambulyň Taksim bulwarynda bolupdy. Onuň netijesinde 32 adam ýaralandy, ýaralananlaryň ýarysy polisiýanyň işgärleri.
XS
SM
MD
LG