Sepleriň elýeterliligi

Şu ýylyň tomsunda Aşgabadyň jygylyk bazarynda bir ýaş ene-atanyň özleriniň iki sany perzendini ähli aýna-gapysy ýapylan ýeňil maşynyň içinde gulplap gidip, bazary aýlanyp çykýançalar çagalaryň howa ýetmezçiliginden demigip ölenligi baradaky habar köp ýere ýetdi.

Ýaş ene-atalaryň aň salmazlygynyň netijesinde perzentleriň ölüme ýa-da beýleki bir betbagtçylyga sataşmasy ýaly hadysalar az bolanok.
Mundan üç-dört ýyl öň Aşgabat şäherinden bolan bir ýaş ene ýaňy diş çykaran çagasynyň eline hoz maňzyny berip, özi aşhana nahar bişirmäge gidýär. Ýaş çaga hoz maňzyny ulular ýaly doly ýenjip iýip bilmänsoň, maňzyň owuntyklary çaganyň demligine gidip, ejesi naharyny bişirip, yzyna dolanyp gelýänçä çaga demigip, ölüpdir.

Aşgabat şäherinden bolan ýene bir ýaş ene üç ýaşly çagasyna gowrulan gylçykly balygy özbaşdak iýmegi tabşyrýar. Ulurak gylçyk çaganyň bokurdagynda galan çagy ene lukmanlara ýüz tutmaly bolýar. Her zadam bolsa, lukmanlaryň kömegi bilen ol çaga halas edilýär.

Aşgabat şäherinden bolan ýene bir ýaş ene-ata bolsa, özleriniň gedemlikleri sebäpli iki sany gyz perzentlerinden jyda düşdüler. Bu maşgalada mydama gyz dogulýan eken. Dört gyzy dünýä inderen ýaş ene bäşinji sapar göwreli bolýar. UZI apparatynda oňa ýene bir-ä däl, ekiz gyzlarynyň boljakdygyny habar berýärler. Bu habary eşiden ýaş kaka gaharyna birbada: «Gyz gerek däl, ikisinem dogran ýeriňde taşla-da gaýt» diýýär. Soňra ol bir gün, gahary köşeşensoň, aýalyna bu gepi gaharyna aýdandygyny, çagalary taşlamazlygy aýtmak isleýär.

Ýöne gündelik iş-aladalar bilen başagaý bolup, beýle gürrüňe wagt tapmaýar. Basym hem komandirowka gitmeli bolýar. Adamsy komandirowkadaka ýaş enäniň ekiz gyzy bolýar. Adamsynyň diýen sözleri ýüregine batyp, kineli oturan ýaş ene özüne bu çagalaryň gerek däldigi barada dil haty goýup, bäbekhanadan çykyp gaýdýar. Ene çagalaryny soň bir gün ýygnaryn öýdýär, şeýdip, adamsyna göz görkezmek isleýär.

Komandirowkadan dolanyp gelen ýaş ata aýalynyň çagasynyň bolandygyny onuň boşan göwresine gözi düşenden duýýar. Çagalaryň niredeligini soraýar. Aýaly oňa çagalary adamsynyň diýenini edip, bäbekhanada taşlap gaýdandygyny aýdýar. Gyz perzendiniň boljagyna gahary gelse-de, perzentleriniň hakykatdan-da zyňlyp gaýdylanyny bilen çagy ýaş atanyň ýüregi süýşen ýaly bolýar. Ol aýalyny hem alyp, gyzjagazlaryny yzyna getirmek üçin bäbekhana ylgaýar. Emma giç bolýar. Olara bäbekleriň eýýäm gyzlyga alnandygyny, perzentlige alýanlaryň adresleriniň hem gizlin saklanýandygyny, beýle söwdanyň yza gaýtarylmaýandygyny aýdýarlar. Goh etseler, işleriniň suda geçmeginiň mümkindigini-de duýdurýarlar.

Irräk döwürde Mary welaýatynyň obalarynyň birinde şeýle bir waka bolýar. Öte garagol bolan ýedi-sekiz ýaşlaryndaky oglanjygy terbiýelemek maşgala gaty kyn düşýär. Onuň çagalar bilen uruşmalaryndan, dawalaryndan, öýde döwüp-ýençýän zatlaryndan ýadaýarlar. Günleriň bir güni ýaş ata çagany gorkuzmak maksady bilen gapdallaryndaky jeňňellikde daňyp gaýdýar. «Goý, seni şagallar iýsin» diýip, ogluny gorkuzyp gaýtsa-da, ata ogluny biraz salymdan ýygnamak isleýär. Ýöne çaý-suwuny içip, pagta suw tutmaga giden ata iş bilen ogluny boşatmagy ýadyndan çykarýar. Oglanjyk diňe agşam naharynda ýada düşýär. Maşgala bolup oglanjygyň goýlup gaýdylan ýerine barýarlar, görseler, ony hakykatdan-da şagallar parçalan eken. Ýaş ata diňe garagolja oglundan däl, azatlykda gezmekden hem mahrum bolýar.

Ýaş ene-atalaryň ýalňyşlygy, geleňsizligi, gedemligi, düşünmezligi bilen bolýan şeýle wakalar örän kän. Şeýle wakalaryň geljekde-de gaýtalanmagy mümkin. Şonuň üçin «Ýaş ene-atanyň mekdebi» diýen ýaly jemgyýetçilik gurama açmalymy ýa-da ýerli metbugatyň sahypalarynda şeýle wakalar hakda ýazyp durmalymy, garaz, ýaş ene-atalar ýaşlykda gabat gelnäýýän şeýle wakalar bilen habardar edilip durulsa gowy boljak.

Aýallar guramalary şeýle ýagdaýlar barada aram-aram ýaş ene-atalaryň arasynda gürrüňler geçirip dursa, gowy bolardy. Ýaş ene-atalar üçin gollanma kitapçajyklary-da çap edilip, köpçülige ýetirilip durulsa, belki, ýaşlygyň ýalňyşlygy bilen ýüze çykjak köp ýaramaz wakalaryň öňüni almaga, ýaş ene-atalaryň çaga terbiýesine ünsli bolmagyna ýardam ederdi.

Maral Agaberdiýewa Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG