Sepleriň elýeterliligi

Serb prezidenti uruş wagtyndaky gyrgyn üçin ötünç soraýar


Serb prezidenti Boris Tadiç 1991-nji ýylda Wukowarda bolan gyrgyn üçin ötünç sorady. Bu 1990-njy ýyllaryň başyndaky Horwat urşy mahalynda serbler tarapyndan amala aşyrylan iň erbet wagşylykdyr.

Tadiç Owkara, gündogar Horwatiýanyň Wukowar şäheriniň golaýyndaky doganlyk mazaryna sapar edýän ilkinji serb lideridir.

1991-nji ýyl bu ýerde ýugoslaw goşuny tarapyndan ýardam berlen serb pitneçileri 260 çemesi horwaty gyrgyna beripdi.

Tadiç Owkar ýadygärliginiň eteginde gül çemenini goýup, özüniň pidalara baş egmäge we ýene bir gezek ötünç we gynanç bildirmäge gelenini aýtdy.

Tadiçiň saparyna Ýewropa Bileleşigine agza bolmaga çalyşýan iki ýurduň arasyndaky ýaraşygyň simwoliki ädimi hökmünde garalýar.
XS
SM
MD
LG