Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý bilen Fransiýa milliardlarça dollarlyk ylalaşyga gol çekdi


Hytaýyň prezidenti Hu Jintaonyň Fransiýa üç günlük saparynyň başynda hytaý we fransuz firmalary 20 milliard dollarlyk ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnamalara Ýeliseý köşünde gol çekildi.

Bu şertnamalar netijesinde Fransiýa Hytaýa 102 sany “Airbus” uçaryny satar, Hytaýda ýadro-ýangyç bejeriş zawodyny gurar we ony 10 ýyllap uran bilen üpjün eder.

Fransuz prezidenti Nikolýa Sarkozy dördünji gün irden Huny Parižiň Orly uçar meýdanynda harby hormat bilen garşy aldy.

Fransiýanyň Tibet jemgyýetiniň lideri Sapten Jaýatso düýn Pariždäki Eýfel diňiniň ýanynda geçirilen protest ýygnanşygynda şeýle diýdi:
“Eger fransuz prezidenti Nikola Sarkozi kontrakt gerek bolanda Hytaýa başyny egip durjak bolsa, bu soň onuň syýasy karýerasyna we syýasy geljegine zyýanly bolar”.
XS
SM
MD
LG