Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda durnuksyzlygyň ösmeginden alada bildirilýär


Orsýet we öňki sowet respublikalarynyň altysy Owganystandaky NATO güýçleriniň jeňçileri söweş zonasyndan günorta we beýleki ýerlere kowmak babatdaky «netijesiz taktikalaryny» bes etmäge çaryrýar.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witialiý Çurkin Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň adyndan BMG-niň Baş assambleýasyna ýüzlenip, KHŞG-niň dört agzasynyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň demirgazykda durnuksyzlygyň ösmeginden alada edýändigini aýtdy.

KHŞG-a Ermenistan we Belarus hem girýär.

Çurkin terrora garşy tagallalaryň ilkinji nobatda ekstremistleriň ýok edilmegine gönükdirilmeldigini nygtady.
XS
SM
MD
LG