Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe bilen Azerbaýjan ýarag hyzmatdaşlygyny gurýar


Azatlyk Radiosynyň azeri gullugy Azerbeýjan bilen Türkiýäniň bilelikde raketa öndürmekçidigini habar berýär.

Türkiýäniň goranmak ministri Waçdi Konul Bakuwa sapar edip, azeri prezidenti we beýleki resmiler bilen duşuşdy.

Duşuşyk mahalynda harby hyzmatdaşlyk we Azerbaýjanyň bölüniji sebiti Dagly-Garabag barada maslahat edildi.

Azerbaýjanyň APA habar gullugy Azerbeýjanyň Goranmak ministrliginiň Türkiýäniň Roketsan kampaniýasy bilen reaktiw zalp-atyş raketalarynyň käbir böleklerini Türkiýede, başga böleklerini Azerbaýjanda öndürmek barada kontrakt baglaşandygyny ýazýar.
XS
SM
MD
LG