Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde neşä garşy aktiwist Ýegor Wyçkow azat edildi


Orsýetde neşä garşy göreşýän aktiwist Ýegor Wyçkow Swerdlowsk türmesinden azat edildi.

Wyçkow Nižniý Tagil şäherinde Neşesiz şäher fonduna ýolbaşçylyk edýär. Ol 12-nji oktýabrda Swerdlowsk oblast sudy tarapyndan ýaş neşekeşi alyp gaçmakda günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edildi.

Aklawçysy Wyçkowyň ýaş neşekeşiň ene-atasynyň haýyşy boýunça olaryň ogullaryny zor bilen neşe goýulýan merkeze ýerleşdirendigini aýdýar.

Neşesiz şäher fondy özüniň neşe goýduryş we bejeriş prosesinde berk usullary ulanýar we käte näsaglary gulply otagda hem saklaýar.

Aklawçysy Wyçkowyň bu usullary näsaglaryň ene-atasynyň razylygy boýunça ulanýandygyny aýdýar.

Swerdlowsk oblast sudunyň 3-nji gün çykaran kararynda Wyçkowa berlen türme möhletiniň azaldylmadygy we şertli iş bilen çalşyrylmalydygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG