Sepleriň elýeterliligi

Bişkek şäher prokuroturasynyň sülçüleri hyýanatda aýyplanýar


Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habaryna görä, Bişkek şäher prokuroturasynyň uly sülçüleriniň ikisi öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günälendi.

Anatoliý Hegaý we Altynbek Namazalyýew Gyrgyzystanyň gyrakladylan prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň garyndaşlaryna degişli bank hasaplarynyň doňuny bikanun açmakda günälendi.

Resmiler bu iş boýunça derňewiň başlanandygyny aýdýarlar.

Namazaliýew häzir öý tussagy bolsa, Hegaý Bişkekdäki deslapky tussaghana ýerleşdirilipdir.

Ozalky prezident Bakiýew 7-nji aprelde häkimiýetden çetleşdirilende oňa we onuň garyndaşlaryna degişli ähli bank hasaplary doňdurylmaly edilipdi.
XS
SM
MD
LG