Sepleriň elýeterliligi

Eýranly dokmaçylar aýlyklaryny talap edýär


Eýranyň demirgazykdaky Mazandaran welaýatynda dokma senagatynyň 750 çemesi işçisi gubernatoryň edarasynyň öňüne proteste ýygnandy.

Azatlyk Radiosynyň Pars gullugy ol işçileriň 10 aý bäri berilmeýän aýlyklaryny talap edýändigini aýdýar.

Germaniýada ýaşaýan zähmet hukuklary anaolisti Heşmatulla Raesi, ýurduň parlamentinde aýdylan statistiki maglumatalara görä, Eýranyň dokma senagaty kärhanlarynyň 90 prosent çemesiniň çökmegiň öň ýanynda durandygyny aýdýar.

Ol bu senagatyň şeýle agyr ýagdaýa düşmegine hökümetiň alyp baran syýasatynyň sebäp bolandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG