Sepleriň elýeterliligi

Hodorkowskiniň soňky sözüni okap...


Tussaglykdaky meşhur biznesmen Mihail Hodorkowskiý

Tussaglykdaky meşhur biznesmen Mihail Hodorkowskiý

Ine, indi ençeme ýyllardan bäri Moskwada postsowet döwrüniň ilkinji biznesmenleriniň biri, “Ýukos” nebit-gaz kompaniýasynyň eýesi Mihail Hodorkowskiniň üstünden sud gidýär. Ol 90-njy ýyllarda bikanun baýady diýlip, hukuk dili bilen aýtsak, kezzapçylykda aýyplanyp, jenaýata çekildi we bu proses häzirem dowam edýär. Ilkinji sapar ol 2003-nji ýylyň oktýabrynda tussag edilip, sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi. Hodorkowskiniň tussag edilmeginiň baş sebäpkäri ýa-da onuň tutulmagyny islän Russiýa Federasiýasynyň öňki prezidenti Wladimir Putindigini dünýä jemgyýetçiligi indi gowy bilýär.

Bilermenler Hodorkowskiniň garşysyna jenaýat işiniň gozgalmagy onuň syýasat bilen ymykly iş salşanlygy sebäpli diýip düşündirýärler. Şol döwürlerde Hodorkowskiý gazanan ummasyz pullaryny jemgyýetiň demokratiýalaşmagyna, ýurtda döwrebap jemgyýetiň, ykdysady-syýasy prinsiplerden ugur alýan toparlaryň döremegine siňdiripdi. Onuň hasabyna Russiýanyň aglaba köp ülkelerinde, esasan hem garyplaşan ýerlerinde internet ulgamynyň mugt işläp başlamagy we birnäçe mekdeplerdir ýokary okuw jaýlarynyň döredilmegi, elbetde, öňki KGB-niň hataryndan çykan polkownik Wladimir Putinde howsala döredipdi. Şonuň üçinem Hodorkowskä her hili ýollar bilen günä ýükläp, ony gözenegiň aňyrsyna taşlamalydy.

Ýedi ýyla çeken nähak tussaglyk

Hodorkowskiniň tussaglykda oturanyna ýedi ýyl bolansoň, azatlyga çykarmajak bolup, onuň garşysyna täze sud işini açdylar. Sud Moskwanyň Hamowniki raýon sudunda gidýär. Bu gezek Mihail Hodorkowskini işlän döwründe öz hususy kompaniýasyndan nebiti ogurlap satdy diýip aýyplaýarlar. Putiniň tabşyrygy bilen Baş prokuraturanyň işgärleri 2-nji noýabrdaky sud prosesinde suddan Mihail Hodorkowskini we onuň işdeş egindeşi Platon Lebedewi 14 ýyl azatlykdan mahrum etmegi sorady. Suduň çözgüdiniň bir aýdan beýan ediljegi tassyklandy.

Bu prosesiň gidişi barada eýýäm ençeme ýyllardan bäri metbugatda yzygiderli habar berilýär. Şol habarlary okanyňda we telewideniýeden berilýän şekillerde sud prosesinde garalawjy tarapyndan çykyş edýän Gülçehre Ibragimowanyň ady ýygy-ýygydan ýatlanylýär. Onda käbir bilermenleriň Gülçehre Ibragimowanyň gündogar milletinden bolanlygy üçin alyp barýan işinde özüni gündogarlylara mahsus häsiýetde gaty gazaply, “ur” diýilse, öldürýänlerdendigi bellenilýär. Elbetde, gündogar milletine degişlidigiň ýadyňa düşende, bu ahwalata gynanýarsyň.

Ýurdy kim düzeder?

Hodorkowskiý sudda sözlän iň soňky sözünde şeýle pikirleri orta atýar: “Kim ýurduň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrar? Prokurorlarmy? Milisionerlermi? Çekistlermi? Olar ozal şeýle synanyşyklary etdiler, emma netije bolmady”. Onuň gönüden-göni, prezident Medwedewe ýüzlenip aýdan sözleri şeýle: “Prezidentiň senagat syýasaty baradaky geçen ýylky initiatiwasyna näme boldy? Gömdülermi? Hany ol syýasat diňe çig mala daňlyp ýatmaz ýaly hakyky mümkinçilikleri bermelidi-le?”.

Hodorkowskiniň bu soraglary türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem berlen diýip, hasap etse bolar. Berdimuhamedow hem ýurdy demokratiýalaşdymak üçin köppartiýalylyga rugsat bermek hakynda kanuny kabul etmek, ýurtda hususy eýeçilige ýol bermek, döwlete degişli bolmadyk ýokary okuw jaýlaryny açmak boýunça düzgünnama kabul etmek, Jenaýat kodeksinde gumanizmden ugur alyp, iň ýokary jeza çäresini 15 ýyla getirmek, azat metbugata ýol bermek, garyndaşparzlygy aradan aýyrmak, erkin saýlawlary geçirmek ýaly we başga-da birnäçe progressiw özgerişleri wada beripdi! Emma Berdimuhamedowyň bu wadalary-da guma gömläýdi öýdýän...

Hodorkowskiý we türkmenler

Hodorkowskiniň sud prosesi bize, türkmenlere, daşrak ýerde, başga ýurtda, Moskwada bolup geçýänligi üçin degişli däl ýaly bolup görünse-de, onuň çözgüdi goňşy Russiýanyň hakyky demokratik ýola gadam basmagyna we şol gadamlaryň bize, Türkmenistana-da, öz täsirlerini ýetirmegi baradaky umytlar bilen baglydyr.

Biziň ýurdumyzda demokratiýanyň orun almagy Moskwanyň ýöredýän syýasaty bilen bagly bolar. Bu gün biz ruslaryň tandemi, ýagny goşalanan Putin-Medwedewiň öz şahsy bähbitlerini arap, ýöredýän syýasatyndan uly zyýan çekip gelýäris. Olaryň arzan bahadan gaz almak üçin diňe türkmenleriň däl, eýse Türkmenistanda ýaşaýan rus dilli milletiň hem ähli syýasy azatlyklardan mahrum edilmegine göz ýummaklaryny, Türkmenistanyň Ýewropanyň “Nabukko” proýektine goşulmazlygy üçin Hazar deňziniň bölünşiginiň mekirlik bilen gaýra tesdirmeklerini we Türkmenistanda demokratiýanyň ýol almazlygy üçin gizlin gulluklar bilen ýakyn hyzmatdaşlygyny mysal getirse bolar.

Biz, türkmenler, goňşy Russiýanyň ýöredýän imperialistik syýasaty üçin onuň milletinden gaty görmeli däldiris. Kommunistik ideologiýa synsa-da, saklanyp galan KGB-niň gorkuzyjy mehanizmi entekler işläp dur. Şonuň üçin Mihail Hodorkowskiý ýaly öz halkynyň geljegine ynam edýän adamlaryň hereketi şol mehanizmiň dargap gitmegine sebäp bolar. Elbetde, onuň dargamagy Russiýada hakyky demokratik, hukuk döwletiniň gurulmagyna getirer. Bu hem, belki, ýakyn geljekde Türkmenistanda syýasy prosesleriň herekete gelmegine we türkmen hökümetiniň halk bilen ýüzbe-ýüz dialogyna ýol açar.

Döwlet Hojamedow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG