Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adamzadyň ösüşi 2010


5-nji noýabrda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Halklaryň anyk baýlygy: adamzat ösüşine tarap» atly 2010-njy ýyl üçin adamzadyň ösüşi boýunça hasabatynyň ýigriminji ýubileý neşiriniň tanyşdyrylyşy boldy.



Tanyşdyrylyş dabarasyna BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi, BMGÖM-niň Administratorynyň assistenti, BMGÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebitleýin býurosynyň direktory Kori Udowiçki we Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew hem gatnaşdy.

Täze neşir bilen BMGÖM-niň adamzadyň ösüşi boýunça hasabatyny ýöredýän Nýu Ýorkdaky edarasynyň wekili Tim Skott tanyşdyrdy. Duşuşyga türkmen hökümetiniň wekilleri, döwlet guramalaryň işgärleri, halkara guramalaryň we diplomatik edaralaryň agzalary hem-de ýerli we halkara media wekilleri hem bardylar.

Dabaranyň açylyşynda çykyş eden BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Lenni Montiýel adamzadyň ösüşi boýunça global hasabatyň regional tanyşdyrylyşynyň Türkmenistanda geçirilmegine ýokary baha berdi we adamzadyň ösüşi boýunça ýurduň öz milli hasabatlarynyň taýýarlanylmagyna BMGÖM-niň ýardam bermäge taýýardygyny hem belledi.

Lenni Montiýeliň bellemegine görä, adamzadyň ösüşi boýunça Türkmenistanyň görkezijisi soňky bäş ýyllykda ýokarlanypdyr we bu ösüş saglygy saklaýyş we milli girdeji boýunça ugurlary hem öz içine alýar. Ol munuň sebäbini sosial we ykdysady ugurlarda geçirilen birnäçe reformalar bilen düşündirdi.

“Demokratik gurluşlary, hususy eýeçiligi, milli kanunlaryň halkara standartlar bilen sazlaşygyny güýçlendirmek boýunça Türkmenistanyň tagallalary hem-de öňümizdäki ýyllarda hem ýurduň dürli pudaklarynda halkara tejribelerinden peýdalanylmagy türkmen halky üçin oňyn özgerişliklere ýol açar” diýip, Lenni Montiýel nygtady.

Türkmen DIM-niň ýokary derejeli wekili Wepa Hajyýew bolsa, adamzadyň ösüşi boýunça hasabatda Türkmenistanyň görkezijisiniň ýokarlanmagynyň gowy üstünlikdigini, emma ýurduň bu görkeziji bilen çäklenmejekdigini aýtdy: “Türkmen hökümeti adamzadyň ösüşi boýunça ähli ugurlarda işjeň çäreleri geçirmäge mundan beýläk hem dowam eder”.

87-nji orunda

BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi Kori Udowiçki hasabatyň tanyşdyrylyşynyň Türkmenistanda geçirilmeginiň tötänlik däldigini, Ýewraziýa sebitine mahsus bolan ösüş mümkinçilikleriniň we meseleleriniň birnäçesiniň bu ýurtda göze ilýändigini belledi. Şeýle hem ol Türkmenistany adamzadyň ösüşi boýunça beýleki görkezijileriň hem ýokarlanmagy üçin mundan beýläk-de iş geçirmäge çagyrdy.

Adamzadyň ösüşi boýunça hasabaty ýöredýän edaranyň wekili Tim Skott adamzadyň ösüşi boýunça Türkmenistanyň şu ýylky görkezijisiniň orta gürpde ýerleşdirilen ýurtlaryň arasynda 2-nji orunda durýandygyny aýdyp, bu ýurduň 2005-nji ýyldan bäri 4%-lik ösüşi başdan geçirendigini belledi. Degişli döwrüň içinde Türkmenistanda adam ömrüniň dowamlylygy bir ýyl, milli girdeji 44% ýokarlanypdyr.

Emma BMGÖM-niň adamzadyň ösüşi boýunça hasabatyny ýöredýän edarasynyň ýolbaşçysy Jeni Klugman Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanda jan başyna düşýän girdejini ýyllyk 7,000 amerikan dollaryna barabardygyny, emma ilat arasyndaky girdeji deňsizliginiň uludygyny aýtdy. Ol Türkmenistanda bu problemanyň beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende has ýokarydygyny hem belledi.

Klugmanyň aýtmagyna görä, saglyk ugrundan hem Türkmenistanyň derejesi öwerlik däl, şeýle-de Türkmenistanda ömrüň dowamlylygy hem beýleki käbir ýurtlar bilen deňeşdirilende pes, ýagny ortaça 65 ýaşa deň. Emma bilim barada aýdylanda, halkyň arasyndaky deňsizligiň o diýen uly däldigini aýtdy.

2010-njy ýyl üçin adamzadyň ösüşi boýunça hasabat 169 ýurdy öz içine alýar. Şol hasabatda Türkmenistan 87-nji orny eýeleýär, geçen ýylky hasabatda bu ýurt 109-njy orunda durýardy. Bu ýylky sanawda Gazagystan 66-njy, Özbegistan 102-nji, Gyrgyzystan 109-njy we Täjigistan 112-nji orunda. Ilkinji 5-lige Norwegiýa, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Birleşen Ştatlar we Irlandiýa girýär.

Adamzadyň ösüşi boýunça ýyllyk hasabat 1990-njy ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan buýrulýar, emma hasabaty taýýarlýan redaksiýa BMGÖM-den (UNDP) garaşsyz hereket edýär. Bu ýylky hasabat degişli ýurtlardaky saglygy saklaýyş, bilim we girdeji boýunça 1970-njy ýyldan bäri gazanylan öňegidişliklere hem syn berýär.

BMGÖM-niň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG