Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanada owgan missiýasynyň möhletini uzaltmagy planlaşdyrýar


Kanada Owganystandaky harbylarynyň missiýasynyň möhletini uzaltmagy planlaşdyrýar. Mundan öň Parlament şol harbylaryň Owganystanda 2011-ni ýylyň ortalaryna çenli galyp biljekdigi hakda karar kabul edipdi.

Kanadanyň goranmak ministri Piter MakKeý, NATO we ABŞ tarapynan edilýän haýyşlary nazarda tutup, öz ýurdunuň harbylarynyň Owganystanyň harby goşunlaryny türgenleşdirmek boýunça şol ýurtda galmagy barada pikir edilýänligini aýtdy.

Häzir Kanadanyň 400 töweregi harbysy Owganystanyň esgerlerini türgenleşdirmek bilen meşgullanýar. Bu ýurduň 2,800 töweregi harbysy bolsa söweşijilere garşy alnyp barylýan NATO-nyň operasiýalaryna gatnaşýar.

MakKeýiň aýtmagyna görä, kanadaly harbylaryň Owganystandaky missiýasynyň möhletini uzaltmak baradaky teklip şol ýurtda kanadaly türgenleşdirijileriniň öz işlerini dowam etdirmegini hem öz içine alýar.

Ol Owganystana goşmaça 900 türgenleşdirijini ibermegini haýyş edip, NATO-nyň Kanada ýüz tutanlygyny hem habar berdi.
XS
SM
MD
LG