Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda tussag edilen özbek aktiwistleri ýenjilipdir


Azimjon Askarow
Fergana.ru neşiriniň özbek hukuk goraýjylaryna salgylanyp çap eden maglumatyna görä, iýun aýynda Gyrgyzystanyň günortasynda bolan etnigara çaknaşyklara itergi berenlikde aýyplanyp tussag edilen etniki özbek hukuk gurayjysy Azimjon Askarow we onuň sekiz sany kärdeşi howpsuzlyk güýçleriniň işgärleri tarapyndan ýenjilipdir.

“Ekspertleriň iş topary” atly özbek guramasynyň maglumatyna görä, Askarow bilen onuň sekiz sany kärdeşi Bazar Korgon etrabynyň suduna getirilende maşyndan çykmaga ýagdaýlarynyň bolmanlygy sebäpli howpsuzlyk güýçleriniň kömegi bilen düşürilipdir.

Hukuk goraýjy topar şol tussaglaryň ählisinin daşky sypatlarynda aşa ýenjilendiklerini görkezýäň yşaratlaryň göze ilýänligini aýdýar.

Tussaglaryň biri Azimjon Askarowa ençeme aýyplama bildirilýär. Şol aýyplamalar zamun almak, halky çaknyşyga öjükdirmeklik, uly göwrümli bikanun hereketlere gatnaşmak we ony gurnamak, adam öldürmäge synanyşmak ýaly maddalardan ybaratdyr.

Ýerli we halkara hukuk goraýjy toparlar Azimjon Askarowa garşy ýöňkelýän aýyplamalar, şeýle-de Azimjon Askarow we onuň kärdeşleriniň sud prosesi hakda alada bildirdiler.
XS
SM
MD
LG