Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Birleşen Ştatlaryň Merkezi banky ýurduň ykdysadyýetini galkyndyrmak üçin oňa has köp serişde goýberjekdigini yglan etdi. Bu çäre dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ykdysadyýetine täsir edermi? Onuň netijeleri nähili bolup biler?

Her gün Nýu Ýorkuň Fond biržasy öz işini tamamlanda, onuň ýolbaşçylary podiuma çykyp, jaň kakýarlar. Jaň kakylanda, hemmeler el çarpýarlar. Şol günki işiň şowlulygyna baglylykda bu el çarpmalar ýa gazanylan üstünligiň ýa-da ertesi günüň has şowly bolmagyna umydyň alamaty bolup ýaňlanýar.

Häzir Fond biržasynyň bu däbi “gowy günleriň geljekdigine umyt edeliň” diýen äheňde geçirilýär. Şu günler adaty amerikanlar alan karzlaryny üzüp bilmän, ejir çekýärler. ABŞ-nyň ilatynyň köpüsiniň täze öndürilen harytlary satyn almaga gurby çatanok. Ýaşaýyş jaýlary satylmaýar, hususy pudakda şirketler öz işlerini giňeltmeýär. Ýurduň fond biržlary hem ýa yza gaýdyp ýa-da gaýtadan biraz göterilip, durnukly ösüşi gazanyp bilmän gelýärler.

600 milliard täze dollar

3-nji noýabyrda ABŞ-nyň Federal Rezerwi, ýagny başgaça aýdylanda Merkezi banky, tä geljek ýylyň iýunyna çenli her aý ýurduň ykdysadyýetine täze çap edilen 75 milliard dollary goýbermegi planlaşdyrýandygyny yglan etdi. Şeýlelikde jemi ykdysadyýeti galkyndyrmak üçin guýuljak serişdeleriň möçberi 600 milliard dollara barabar bolmaly.

Bu çäräni amala aşyrmak bilen ABŞ-nyň häkimiýetleri banklaryň karz bermek ukyplaryny artdyryp, karzyna berilýän serişdeleriň göterimini uzak wagtlap gaty pes derejede saklamagy maksat edinýärler. Şonda amatly şertlerde berilýän kredit-karzlar raýatlara elýeterli bolup, olaryň köpüsi harytlary we hyzmatlary satyn alyp başlarlar, onuň netijesinde bolsa ykdysadyýet öser diýen umyda bil baglanýar.

Bu habar ABŞ-da birini begendiren bolsa, beýlekileriň gaharyny getirdi. ABŞ-nyň Federal Rezerwi bu çäräni köpçülige ýetirensoň ABŞ-nyň hem Aziýanyň fond biržalarynda aksiýalaryň bahasy ösüp başlady.

Bu çäräniň netije berjekdigine şübhelenýänleriň biri hem Birleşen Ştatlaryň Federal rezerwiň öňki işgäri, ykdysatçy Robert Heller. Ol şeýle hereketiň ABŞ-nyň onsuz hem ägirt uly daşarky karzynyň möçberini artdyrjakdygyndan alada edýär.

“Olaryň häzir edýän işlerine düşünmek gaty kyn. ABŞ-nyň karzy ýakyn geljekde üç trillon dollardan aşar. Şol karzy gaýdyp bermek welin, gaty kyn bolar, sebäbi ABŞ-nyň býujetiniň ýakyn geljekde girdejili boljakdygyna garaşylmaýar” diýip, Robert Heller aýdýar.

Daşary ýurtlar aladaly

Ykdysadyýeti galkyndyrmak maksady bilen maliýe dolanyşygyna goşmaça ummasyz köp serişde guýmak çäresi ýurduň içinde dürli garaýyşlaryň peýda bolmagyna getirse, daşary ýurtlaryň hemmesinde diýen ýaly bu çäre çuňňur aladalanma döretdi. Sebäbi ýurduň içinde aýlanýan serişdeleriň artmagynyň, adatça, dollaryň hümmetiniň pese gaçmagyna getirýänligi öňden belli.

Netijede ABŞ-nyň eksporta çykarýan harytlarynyň hem hyzmatlarynyň bahasy beýleki walýutalar bilen deňeşdirilende arzanlaýar. Eksportyň üsti bilen ykdysadyýeti gowulandyrmak isleýän ýurtlar üçin bolsa bu ýagdaý uly howpuň emele gelendigini aňladýar. Şonuň üçin ABŞ-da geçirilýän bu çäre Hytaý, Braziliýa we Ýaponiýa ýaly eksport bilen meşgullanýan ýurtlary uly alada goýdy.

Ýewropanyň eksport boýunça öňdebaryjy ýurdy hasaplanýan Germaniýada-da ABŞ-da amala aşyrylýan bu çäräniň ýaramaz täsir etjekdigi çaklanylýar. Germaniýa bilen söwda gatnaşyklary bolan öňki Sowet giňişligine degişli ýurtlaryň hem-de Merkezi Ýewropada ýerleşýän döwletleriň ykdysadyýeti bu çäreden ejir çeker diýlip garaşylýar.

Germaniýanyň maliýe ministri 4-nji noýabrda eden çykyşynda “Men şeýle çäreleri amala aşyrmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary öz kynçylyklaryny çözüp biler öýdemok. Şeýle hereketiň dünýäniň beýleki ýurtlary üçin goşmaça problema döretjekdigi ikuçsyz” diýdi.

ABŞ-nyň Federal Rezerwiniň bu hereketi dünýä biržasynda esasy harytlaryň bahasynyň galmagyna getirdi. Bilermenler ýangyjyň, gymmat metallaryň we bugdaýyň bahasynyň mundan beýläk hem ýokarlanmagy köp ýurtlaryň ykdysadyýetine agyr deger diýip çaklaýarlar.

Çig mala baý ýurtlar kösenip biler

Azerbaýjan, Gazagystan, Orsýet ýaly çig mala baý ýurtlara ABŞ-da amala aşyrylýan bu çäre has köp täsir edip biler. Ýagny, öňki tejribelerden belli bolşy ýaly, iri korporasiýalara amatly kreditler elýeterli edilse, olar alan serişdelerini has çalt ösýän ykdysadyýetli ýurtlarda maýa ýatyrmak islärler.

Ösýän ýurtlardaky ýagdaýlar boýunça ekspert, Londonda ýerleşýän “Capital economist” guramasynyň analitigi Neýl Şearyň pikiriçe, bu çäräniň tebigy ätiýaçlyklara baý ýurtlara ýetirip biljek täsiri şol ýurtlaryň häkimiýetleriniň dolandyryş usulyna, olaryň başarjaňlygyna bagly bolar.

“Meniň pikirimçe bu ýagdaý, bir tarapdan, goşmaça mümkinçilikleri döredip biler; beýleki tarapdan, howpuň emele gelmegine getirip biler. Häzirlikçe ýakyn geljekde diňe Aziýanyň däl, eýse Latyn Amerikasynyň käbir ýurtlarynyň-da ösjekdigini çaklap bolar” diýip, Neýl Şear aýdýar.

Neýl Şear aýratynam çig malyň bahasy häzirkisi ýaly uzak wagt saklansa, bu ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmegini görüp bolar diýýär: “Emma geljekde bu ýurtlarda çişirilen köpürjikleriň dürli görnüşleriniň emele gelmek howpuny hem aradan aýyrmaly däl”.

Şeýle çişirilen köpürjikler, adatça, inwestorlar belli bir pudaga köp maýa ýatyryp, gysga wagtda girdeji almaga synanyşanda emele gelýar. Mysal üçin, emläk bazaryna maýa ýatyrylyp, emlägiň bahasy ýokarlandyrylan halatynda şeýle köpürjik emele gelýär.

Şeýle ýagdaýy öňki ýyllarda Gazagystan başdan geçirdi. Bu ýurtda henize çenli şeýle spekulýatiw aldawa düşip, ejir çekip ýören adamlar az däl.

“Biziňi walýutamyz, siziň problemaňyz”

ABŞ-nyň Federal Rezerwiniň täze plany bilen bagly çykyş eden Hytaýyň daşary işler ministri Kui Tiankai ABŞ-dan düşündirişe garaşýandyklaryny aýtdy. Ol 11-12-nji noýabrda Seulda Uly 20-ligiň maslahatynda bu meselä garamagy hem teklip etdi.

Germaniýanyň maliýe ministri hem bu teklibe goşulyp, bu mesele bilen bagly amerikan dostlary bilen hem ikitaraplaýyn gepleşiklerde, hem uly 20-ligiň sammitinde gepleşik geçirmegi göz öňünde tutýandyklaryny aýtdy.

Emma resmi Waşington hem aňsatlyk bilen bu planyndan el çekjege meňzänok. Amerikan resmileri ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň gaýtadan ösmeginiň diňe bu amerikan ykdysadyýeti üçin däl-de, eýse dünýä ykdysadyýeti üçin hem möhümdigini subut etmek üçin disskussiýa girişerler diýlip garaşylýar.

Senagat taýdan ösen 20 ýurduň sammitiniň öň ýanynda görünýän ýiti diskussiýalaryň uçgunlary, eýse nämäniň alamaty? Ol global ykdysadyýeti ösdürmekde ähli taraplar üçin amatly bolan ýoly tapmak ugrunda dünýä ýurtlary üçin ýene bir möhüm synagyň boljakdygyny aňladýar.

Ýöne şeýle dartgynly ýagdaý taryhda öň hem ýüze çykypdy. Şonda, 1971-nji ýyldaky ykdysady krizisde, ABŞ-nyň Federal Rezerwiniň şol döwürdäki ýolbaşçysy Jon Konnolly bu meselede beýleki ýurtlara ýüzlenip: “Dollar biziň milli walýutamyz, emma siziň problemaňyz” diýipdi.
XS
SM
MD
LG