Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF “nogsanlyklar barada dymýar”


Türkmen metbugaty döwletiň syýasatynyň esasy maksadynyň adama, onuň saglygyna we hemme taraplaýyn ösüşine gönükdrilendigini ýazýar.
Türkmen metbugaty döwletiň syýasatynyň esasy maksadynyň adama, onuň saglygyna we hemme taraplaýyn ösüşine gönükdrilendigini ýazýar.

Halkara walýuta fondunyň ekspertleri 2011-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň hakyky ösüşiniň 11,5%-e barabar boljakdygyny çak edýärler.

Türkmenistanyň Adamzadyň ösüşiniň görkezijisi boýunça 2009-njy ýyl bilen deňeşdirilende 22 punkt ýokary galandygy hem habar berilýär. Bu barada geçen hepde Aşgabatda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan taýýarlanan hasabatyň 20-nji neşiriniň tanyşdyrylyşynda aýdyldy.

“Okgunly barýar”

Türkmen metbugaty Türkmenistanyň “Täze galkynyş eýýamyna” girmek bilen öňe tarap okgunly barýandygyny we dünýäniň iň bir depginli ösýän ýurtlarynyň arasynda berk orun alandygyny ýazýar. Şeýle-de türkmen metbugaty döwletiň syýasatynyň esasy maksadynyň adama, onuň saglygyna we hemme taraplaýyn ösüşine gönükdirilendigini ýazýar.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň eksperti Tim Skott Aşgabatdaky duşuşykda: “Türkmenistanda ilatyň ömrüniň dowamlylygy tas bir ýyl, milli girdeji bolsa 44% ösdi” diýdi. Bu ugurdaky görkezijiler boýunça Türkmenistan 169 ýurduň içinde 87-nji orunda gelýär. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, bu görkezijide özbegistan 102-nji, Gyrgyzystan 109-njy, Täjigistan bolsa 112-nji orunlarda durýar.

Halkara walýuta fondunyň ekspertleri Türkmenistanyň gelýän ýylda hem ösüş depginini saklajagyny we jemi içerki önümiň ösüşiniň 11,5%-e barabar boljagyny aýdýarlar.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan tebigy resurslara baý we ýylda nebit-gaz söwdasyndan köp mukdarda girdeji alýan ýurt. Şol bir wagtda Türkmenistanda uly-uly gurluşuklar alnyp barylýar. Türkmen metbugaty bu ýagdaýyň hem halkyň abadançylygyna gönükdirilendigini ýazýar.

Ösüş şertlerindäki garyplygyň sebäbi

Bolgariýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Annadurdy Hajyýew Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hakykatadanam ösýändigini, bu ýerde hiç hili syryň ýokdugyny aýdýar. Şeýle-de ol türkmen döwletiniň abadançylygynyň hem, jemi içerki önümiň hem ösýändigini tassyklaýar. Ýöne, Hajyýewiň pikirine görä, bu ösüşler biler bir wagtda Türkmenistanda garyplyk hem saklanyp galýar.

Türkmenistanyň iň bir gür ilatly welaýatlarynyň biri bolan Maryda ýaşaýan Açaryň pikirine görä, ýurtda gowy ýaşaýan adamlar hem az däl. Açar olaryň, ýagny gowy ýaşaýan adamlaryň döwürden razydygyny, “sowet döwründe beýle uly jaýlary salyp bilmedik, daşary ýurtlara gidip bilmedik, indi bu zatlar elýeterli boldy” diýýändiklerini aýdýar.

Onuň pikiriçe, komanda-dolandyryş usulyndan belli bir derejede bazar gatnaşyklaryna geçilmegi baýlaryň, beýlekilere garanda gowurak ýaşaýan adamlaryň döremegine hakykatdanam ýol açýar. Ýöne ol garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň baýlyklarynyň tutuş halka siňdirilmeginde sorag döredýän zatlaryň hem bardygyna ünsi çekýär.

HWF dymýar

Eýsem bu ösüş ýurtda adamlaryň abadançylygyna, durmuş-ýaşaýyş derejesiniň ösmegine nähili täsir edýär? Azatlyk Radiosy bu barada Halkara walýuta fondunyň ekspertleriniň anyk pikirini alyp bilmedi. Sebäbi HWF-niň Pariždäki bölümi metbugat üçin kommentariýa bermeýändigini aýtdy.

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew hem maryly synçynyň pikiri bilen ylalaşýar we eksportdan gelýän serişdeleriň ählisiniň döwlet býudjetine geçirilmeýändigini aýdýar: “Halkara walýuta fondy bolsa bu problema barada dymýar”.

Hajyýewiň pikirine görä, Halkara walýuta fondy döwlet býudjetiniň girdejileriniň we çykdajylarynyň nähili sazlaşdyrylýandygyny we döwlet býudjetiniň jemgyýetiň abadançylygyna we ýurtda biznesiň ösüşine nähili täsir ýetirýändigini aýtmaly. Şoň ýaly-da ol HWF-niň ýurtdaky işsizligiň derejesi barada we işsizlige garşy nähili göreşmelidigi hakynda dymýandygyny öňe sürýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistandan iş, okuw gözleginde daşary ýurtlara gidýän adamlaryň köpelendigi we bu ýagdaýyň “Täze galkynyş eýýamynda” hem saklanyp galýandygy aýdylýar.

Aşgabatly syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedowyň pikirine görä, bu ýagdaý döwletiň (öňki prezident S. Nyýazowyň ýolbaşçylygynda) adamlaryň gurplanmagyna garşy emeli päsgelçilikler döretmegi bilen bagly.

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew Türkmenistanda hakyky adam ösüşiniň we abadançylygyň döremegi üçin nebit-gazdan gelýän girdejileri işsizlige garşy göreşe gönükdirmeli. Ol bu meselede türkmen döwletiniň öňünde hiç bir kynçylygyň ýokdugyny, bu meselede diňe islegiň ýeterlikdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG