Sepleriň elýeterliligi

Ýakynda Türkmen Döwlet habarlar gullugy Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň kitaphanalarynyň bütewi elektron görnüşini döretmek boýunça ýörite işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Bu gürrüň edilýän çäreleriň fonunda ýurtda pudaklaryň kompýuterleşdiriliş we internetden peýdalanyş ýagdaýynyň henizem örän pes derejede galýandygy hem habar berilýär.

Soňky döwürde Türkmenistanda bilim pudagyny ösdürmek ugrunda alada edilip, ol döwrebap tehniki enjamlar, kompýuterler bilen üpjün edilip, birnäçe ýokary okuw jaýlarynyň, mekdepleriň täze binalary ulanylmaga berildi. Emma şeýle-de bolsa, şol kompýuterleriň studentleriň hemmesi üçin elýeterli däldigini ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň birini tamamlan Aman aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ýokary okuw jaýlarynda aýratyn kompýuter otaglary bar. Emma olarda işlemek wagty çäklendirilen, internetiň tizligi örän haýal, girilýän saýtlar gözegçilikde saklanylýar. Köp saýtlara girip bolmaýar. “Öňler Türkmen-türk uniwersitetinde internet çäklendirilmeýärdi. Studentler arkaýyn saýtlara girip, peýdalanyp bilýärdiler. Emma soňky döwürde bu uniwersitetiň hem rektory çalşyryldy we kompýuterden internete girmek ýagdaýy hem çäklendirildi” diýip, Aman sözüniň üstüne goşdy.

Berk gözegçilik

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Osman Hallyýew soňky döwürde Türkmenistanyň paýtagtynda, welaýat merkezlerinde we etraplarynda internetden peýdalanmak ýagdaýynyň gowulanandygyny aýdýar: “Okuw jaýlarynda kompýuterler internete baglanan. Emma olar şol ýerde okaýan studentleriň hemmesi üçin elýeterli däl. Olaryň köpüsi berk gözegçilik astynda saklanýar. Olar ol ýa-da bu saýta çykmazlyk barada öňünden duýdurylýar”.

Hallyýew hazirki ýaşlaryň köpüsiniň dil bilmeýänligini we kompýuterleri öwrenmek ugrunda ýörite sapaklaryň geçilmeýändigi aýdyp, şeýle diýdi: “Studentleriň uly bölegi rus, iňlis ýa-da beýleki daşary ýurt dillerini bilmeýärler. Gumanitar ugurdan okaýan studentlere kompýuter ýörite ders hökmünde öwredilmeýär. Studentleriň köpüsi kompýuteri ulanyp bilenoklar”.

“Orta mekdepler barada aýtsak, şäher ýerlerinde diňe soňky gurlan mekdeplerde kompýuterler internete çatylan. Emma oba ýerlerindäki mekdeplerde kompýuterler internete çatylmadyk. Eger-de bir mekdepde 5-6 kompýuter bar bolsa, şondan diňe biri ýa ikisi işleýär. Beýlekileri açylman dur” diýip, O.Hallyýew aýdýar.

Habarçy O.Hallyýew oba ýerlerindäki mekdeplerde internetiň elýeterli bolmazlygynyň sebäplerini şeýle düşündirdi: “Oba mekdepleriniň kompýuterlerini internete birikdirip bolmaýandygynyň sebäbi obalarda elektron, ýagny sanly telefon aragatnaşygynyň entek ýoklugyndan. Şol bolmasa, öňki telefon liniýalaryny kompýutere birikdirip bolanok”.

Orsýet mysaly

Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynyň birinde mugallym bolup işleýän Serdar Orsýetde studentleriň kompýuter satyn alyp, mobil kompaniýalary bilen şertnama baglaşyp, hiç hili bökdençsiz internetden peýdalanyp bilýändiklerini aýdýar: “Mysal üçin, käbir mugallymlar täze temany gürrüň bermän, internetiň sahypalaryndan alyň diýýär. Internet bilim almak meselesinde wagty tygşytlamaga kömek edýär”.

Ýaşlaryň internetden peýdalanmak meselesi Orsýetiň ähli regionlarynda gowy ýola goýlan. Ýurtda bu meselä aýratyn üns berilýär. Sebäbi döwlet ýolbaşçylary ýokary okuw jaýlaryny we orta mekdepleri doly kompýuterleşdirmek barada ýörite görkezme berdi.

“Häzir jübi telefonsyz ýaşlary göz öňüňe getirmek mümkin bolmaýşy ýaly, komptýutersiz ýaşlary göz öňüňe getirmegem kyn. Şonuň üçinem Orsýetde studentleriň özleri kompýuter alýarlar. Kompýuter studentleriň ýokary okuw jaýlarynda okamak meselesini ýeňilleşdirýär” diýip, Serdar sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýetiň ýokary okuw jaýlary ýeke-täk elektron sistema birikdirilen. Serdar bu ýagdaýyň orsýetli studentler üçin köp ýeňillikleri döredýändigini aýdýar: “Internet başga ýokary okuw jaýlary bilen aragatnaşygy ýola goýmaga kömek edýär. Kompýuterli auditoriýalara islendik student baryp, internetden peýdalanyp, islendik maglumaty alyp bilýär”.

Ýerli synçylar we bilim ugurundan bilermenler ýaşlaryň internetden doly peýdalanmagy üçin ilki bilen mekdeplerde kompýuter sapagyny geçmelidigini, ýaşlara dil ugrundan gowy bilim bermelidigini, intrenetiň bahasynyň-da hemmeler üçin elýeterli bolmalydygyny nygtaýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG