Sepleriň elýeterliligi

Hyzmatdaşlygy uzaklaşdyrmaly däl!


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroso Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar, 5-nji noýabr 2007-nji ýyl.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroso Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar, 5-nji noýabr 2007-nji ýyl.

Ýewropa parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň adam hukuklary boýunça bölümi tarapyndan 26-njy oktýabrda birnäçe abraýly halkara guramalaryň gatnaşmagynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşmak meselesine degişli pikir alşygyň gurnalanlygy habar berildi. Türkmenistan barada şeýle duşuşyklaryň geçirilip, aýratyn mesele goýulmagy, elbetde, depäňi gök diredýär.

Geçen ýyl hem Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda söwda gatnaşyklary hakynda ylalaşyklary kabul etmekde Ýewroparlamentde dartgynly çekeleşikler bolupdy. Şol ylalaşygyň kabul edilmegine adam hukuklaryny goraýan halkara guramlaryň käbiri nädogry çözgüt hökmünde baha beripdiler. Adam hukuklaryny goraýan guramlar bu gezek hem Ýewropa parlamentini Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýaramazlygy zerarly ylalaşygy kabul etmekden saklanmaga çagyrýarlar.

Ýewropa parlamenti
Adam hukuklaryny goraýan guramalar we beýlekiler ylalaşygyň kabul edilmezligi türkmen hökümetine duýduryş hökmünde täsir edip, geljekde onuň gowulanmagyna getirer diýip, pikir edýärler. Aslyýetinde bu nädogry pikir. Halkara adam hukuklaryny goraýan guramalar köplenç öz alyp barýan işlerinde adaty öwrenen standartlaryny ulanýarlar. Ol standartlar diňe Ýewropa döwletlerinde netije berip biler. Sebäbi Türkmenistanda we beýleki goňşy Merkezi Aziýa ýurtlarynda döwlet ýolbaşçylarynyň syýasy mentaliteti, hüý-häsiýeti o diýen ösen däl. Eger ösen ýurtlara maddy, material taýdan bagly bolmasalar, onda olar beýle ýurtlar bilen gatnaşyk saklajagam bolup duranoklar.

Munuň bilen birlikde tebigy baýlyklara baý awtoritar ýurtlaryň ýolbaşçylary hiç wagt ýurduň daşyndaky syýasy abraýlary barada alada etmeýärler. Muny Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri doly maglumatlar bilen tassyklap hem bilerler.

Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowy ýurtda adam hukuklarynyň gödek bozulmagynda aýyplap, ony izolirläp, dünýäde geçýän halkara forumlara çagyrman, ony siwilizasiýadan daşlaşdyrdylar. Netijesem indi hemmä mälim: ýurduň ilatynyň aglaba bölegi tussaghanalarda bolup çykan, halkyň köp bölegi neşe söwdasy bilen meşgullanyp, maşgalasyny ekläp-saklaýar. Ençeme ýyllaryň dowamynda okuwsyz, bilimsiz galan ýaş nesil bolsa dini radikalizme tarap gönükýär.

Negatiw täsir eder

Eger-de Ýewropa parlamenti ýokarda agzalan Türkmenistan bilen baglaşylmaly ylalaşyklary soňa goýsa ýa-da ony kabul etmese, ol ilki bilen ýönekeý ilatyň durmuşyna negatiw täsir eder. Türkmen halky garaşsyz bolaly bäri awtoritar sütemiň astynda ýaşap gelýär. Olarda syýasy göreşiň tejribesi bolmansoň, bar umytlary dünýädäki ösen demokratik döwletlerde. Elbetde, ol kömek material görnüşinde bolman, ruhlandyrjy görnüşde bolmaly. Şonuň üçinem ilki bilen göz öňünde tutulýan ylalaşyklar gijikdirmän baglaşylmaly. Bu ýagdaý Ýewropa Bileleşigine girýän döwletlerde Türkmenistana bolan gyzyklanmany döreder. Olar Türkmenistan bilen geçirýän söwda işleriniň üsti bilen ýurduň içki syýasy ýagdaýlary barada maglumat alarlar. Bu hem türkmen hökümetiniň halka garşy alyp barýan repressiw syýasatynyň gowşamagyna getirer.

Türkmenistana informasion ünsi hem güýçlendirmeli. “Hotbird 13” emeli hemradan görkezilýän Ýewropa Bileleşiginiň “Euronews” kanalynda Merkezi Aziýa döwletleri hakynda gürrüň berýän telebloklary döretmeli. Şonda-da halkara adam hukuklaryny goraýan guramalar bu ýurtlarda adam hukularynyň bozulýanlygy hakynda yzygiderli maglumat berip durmaly. Bu çykyşlar hakyky dogruçyl informasiýadan uzakda saklanylýan halkyň syýasy düşünjesiniň artmagyna we adamlaryň öz hukuklaryny goramak üçin aktiw herekete girişmegine getirer.

Häzir Merkezi Aziýa döwletlerinde çanak antennalardan görkezilýän “K+” kanaly özüniň pozitiw täsirini berip başlady. Bu kanalda az hem bolsa Türkmenistan barada berilýän maglumatlar halk arasynda gyzgyn garşylandy. Indi bu kanalyň tomaşaçylary günsaýyn artýar.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklary hakyndaky ylalaşykdan başga-da, bilim, medeniýet, syýasat we beýleki ugurlardan gatnaşyklary ýola goýsa, onda, belki-de, ýakyn wagtlarda Türkmenistanda hakyky döwlet reformalarynyň başlanmagy üçin ýol açylardy.

Gurbangeldi Töraýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG