Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň premýeri Jo Baýden bilen gepleşik geçirdi


Ysraýylyň syýasy çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, düýn ýurduň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Joý Baýdene Eýrany diňe ýaragly hüjüm bilen gorkuzyp, onuň ýadro programmasyny togtadyp boljakdygyny aýdypdyr.

Netanýahu we Baýden Birleşen Ştatlaryň Nýu-Orleana şäherinde geçýän “Amerikaly ýewreýleriň konferensiýasynyň” çäginde gepleşik geçirdiler.

Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Robert Geýts Netanýahunyň bu çagyrşy bilen ylalaşmaýandygyny aýdýar.

Günbataryň pikiriçe, Eýran özüniň urany baýlaşdyrmak programmasy arkaly ýadro ýaragyny öndürmek ugrunda iş alyp barýan bolmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG