Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: "Kaşmir dawasy boýunça çözgüdi hiç kimiň boýnuna dakmarys”


Şu gün Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Hindistan bilen Päkistanyň arasyndaky Kaşmir dawasy we beýleki oňşuksyzlyklar boýunça çözgüdi hiç kimiň boýnuna dakmajakdygyny aýtdy.

“Iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň aradan aýrylmagy Päkistanyň we Hindistanyň bähbidine bolar. Birleşen Ştatlar bu dawany aradan aýyrmak üçin öz çözgüdini hiç kimiň boýnuna dakmaz. Ýöne muňa garamazdan, meniň premýer-ministr Singha aýdyşym ýaly, biz iki ýurduň arasyndaky dartgynlygy aradan aýyrmakda öz rolumyzy oýnamaga şat bolarys” diýip, Obama aýtdy.

Prezident Obama bu çykyşyny Nýu Delide Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh bilen geçiren gepleşiklerinden soň etdi.

Hindistan bilen Päkistan Britaniýdan garaşsyzlyklaryny alanlaryndan bäri dawaly Kaşmir territorýasy boýunça bu iki ýurduň arasynda üç söweş boldy.

Obamanyň Hindistana eden bu sapary duşenbe güni tamamlanýar.

Obamanyň Hindistana eden saparynyň esasy maksady Birleşen Ştatlaryň ykdysady bähbitleri boýunça gepleşikler geçirmekden ybarat boldy.
XS
SM
MD
LG