Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýenjilen žurnalist sebäpli Medwedewe basyş artýar


Oleg Kaşin
Orsýetiň žurnalistleri ýakynda ýenjilen žurnalist sebäpli prezident Dmitriý Medwedewe basyşy artdyrýarlar. Bu barada “Kommersant” gazetinde prezident Medwedewe niýetlenen açyk hat ýerleşdirildi.

Şenbe güni “Kommersant” gazetiniň žurnalisti Oleg Kaşin ýenjilenden soň alan şikesleri sebäpli agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirildi.

Žurnalistleriň açyk hatynda ýazylmagyna görä, şu ýylyň dowamynda Orsýetde sekiz žurnalist öldürilipdir.

Şu gün ÝB-niň resmisi Maýa Koçijançiç žurnalist Kaşiniň ýenjilmegini şeýle teswirledi: “Şenbe güni rus žurnalistiniň wagşylyk bilen, belki-de, ýörite maksat bilen ýenjilmegi bizi uly alada goýýar. Bu žurnalistleriň sesini sem etmek synanşygy hem bolmagy mümkin”.
XS
SM
MD
LG