Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan 7 sany dikuçar satyn aldy


“AgustaWestland AW139” dikuçarlary adatdan daşary tiz kömek çäreleri, ýangyn söndürmek operasiýalary üçin hem ulanylýar

“AgustaWestland AW139” dikuçarlary adatdan daşary tiz kömek çäreleri, ýangyn söndürmek operasiýalary üçin hem ulanylýar

Italýan harby kompaniýasy “Finmeccanica” Türkmenistanyň hökümetine “AgustaWestland AW101” we “AW139” kysymly döwrebap dikuçarlary satdy. Bu habary kompaniýa 4-nji noýabrda yglan etdi diýip, “Army Times Publishing” kompaniýasynyň harby neşiri ýazýar.

Dikuçar söwdasy kompaniýanyň maliýe ýolbaşçysy Alessandro Pansa bilen analitikleriň arasynda geçirilen telekonferensiýada mälim edildi. Maglumatlara görä, şu ýylyň üçünji çärýeginde Türkmenistan VIP graždan awiasiýasy üçin niýetlenen “AgustaWestland AW101” dikuçarlarynyň iki sanysyny, şeýle hem “AW139” kysymly dikuçarlaryň bäş sanysyny satyn alypdyr.

“AgustaWestland AW101” dikuçarlary hem harby güýçler, hem graždan awiasiýasy üçin öndürilýär. VIP graždan "AW101" dikuçarlary tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär we howpsuzlyk üçin ygtybarly hasaplanýar. Titremäni peseldiji tehnologiýa oturdylan bu dikuçarlar resmi ulag hökmünde-de, tebigy betbagtçylyklardan halas ediş we gözleg çäreleri üçin-de ulanylyp bilinýär.

“AgustaWestland AW139” goşa turbinaly dikuçarlaryň täze görnüşi bolup, ol bir gezekde 15 ýolagçyny sagatda 310 kilometr tizlikde äkidip bilýär. Şeýle hem bu dikuçarlaryň gyzgyn howa şertlerinde we ýokary belentlikde kösenmän uçup bilýändigi aýratyn bellenýär. “AW139” kysymly dikuçarlar VIP gatnawlary, adatdan daşary tiz kömek çäreleri, ýangyn söndürmek operasiýalary we harby gatnawlar üçin ulanylýar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa sapar eden wagty bu dikuçarlary öndürýän “Finmeccanica” kompaniýasynyň başlygy Piýerfransesko Guarguaglini iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary boýunça geçirilen foruma gatnaşypdy. Şol duşuşykda ol türkmen prezidenti bilen ikiçäk gepleşik geçiripdi.

“Finmeccanica” kompaniýasy 1948-nji ýylda italýan hökümetine degişli Senagaty gaýtadan dikeldiş institutynyň (IRI) firmasy hökmünde döredildi. Bu kompaniýa öň ençeme ýyllap Italiýanyň meşhur “Alfa Romeo”, “Aeritalia” and “Ansaldo” kärhanalaryna hem eýeçilik edipdi. Häzir dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda iş alyp barýan bu kompaniýada italýan hökümetiniň 30%-lik paýy bar.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan ýolagçylary gatnatmak we oba hojalygynda ulanmak maksady bilen iki sany MI-17-1V kysymly dikuçarlary hem satyn alypdy. Şol iki dikuçar Türkmenistanyň prezidentiniň gol çeken kararyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň «Казанский вертолетный завод» awiagurluşyk kärhanasyndan satyn alyndy.

MI-17-1V kysymly dikuçarlar daglyk hem çöllük ýerlerde aňsatlyk bilen gonmaga ukyply hasaplanylýar. Dünýäniň 80-den gowrak döwletlerinde ekspluatasiýa edilýän dikuçaryň bu kysymy birbada 14 ýolagçyny gatnatmaga niýetlenilendir. 6 müň metr belentlikde uçup bilýän bu dikuçaryň uçuş menzili 600 kilometrdir, tizligi bolsa sagatda 230 kilometrdir.
XS
SM
MD
LG