Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa Hytaý bilen söwda gatnaşygyny artdyrmakçy


Düýn Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron Hytaý bilen özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň iki esse artdyrylyp, onuň 2015-nji ýyla çenli 100 miliard dollara barabar bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Ol bu pikirini Hytaýa edýan saparynyň öňüsyrasynde eden çykyşynda öňe sürdi. Kameron Britaniýanyň Hytaýa edýan eksportynyň möçberiniň şol puluň azyndan 30 milliard dollaryny öz içine almalydygyny belledi.

Britaniýanyň 2009-njy ýylda Hytaýa eksport eden önüminiň we hyzmatynyň bahasy 12.4 milliard dollara barabardyr.

Kameron Hytaýda 36 sagat saparda bolmaklygy planlaşdyrýar. Onuň bu sapary G-20 toparynyň Günorta Koreýada geçiriljek sammitiniň öňýanyndaky günlere gabat geldi.
XS
SM
MD
LG