Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda bolan partlamada 30 adam heläk boldy


Düýn Yragyň Basra şäherinde maşyna ýerleşdirilen bomba arkaly amala aşyrylan partlamada azyndan 10 adamyň heläk bolup, 30 adamyň ýaralananlygy barada maglumat alyndy.

Howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, şol partlama Basranyň Al-Kibla etrabynda, iň uly dükanlardan biriniň ňöňünde ýüz beripdir.

Şeýle-de, düýn şaýylaryň mukaddes şäheri diýilip hasaplanylýan Nejef we Kerbala şäherlerinde bolan partlamalarda hem 18 adamyň ölenligi aýdylýar.

Heläk bolanlardan 10-syniň şol mukaddes ýerlere zyýarat etmek üçin Eýrandan baran myhmanlardygy aýdylýar.

Howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, bu hüjümlerde azyndan 60 töweregi adam hem ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG