Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň prezidenti Obama Indoneziýa sapar edýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Hindistandan soňra Indoneziýa sapar edýär. Obama bu wizitiniň dowamynda ABŞ bilen Indoneziýanyň arasynda howpsuzlyk we söwda boýunça gatnaşyklary artdyrmagy maksat edinýär.

Ençeme strategiki nukdaýnazardan Indoneziýa Waşington üçin möhüm ähmiýete eýedir. Obamanyň prezidentlik wezipesine saýlanmagynyň yzýany Indoneziýanyň ilatynyň arasynda dörän şatlyk-şowhun birneme köşeşen hem bolsa, Indoneziýa ABŞ-nyň ýarany hökmünde ähmiýetini barha artdyrýar.

Obama Hindistana eden saparynyň dowamynda Hindistanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzasy bolmagy ugrundaky tagallasyny goldaýanlygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG