Sepleriň elýeterliligi

NATO Owganystanda instruktorlara zerurlygyň bardygyny aýdýar


Düýn NATO-nyň Owganystandaky missiýasynyň owgan esgerlerini türgenleşdirmek boýunça bölüminiň ýolbaşçysy general Wilýam Kaldwell ýerli harbylary türgenleştirmäge kömek etjek 900 töweregi goşmaça instruktorlara zerurlygyň bardygyny aýtdy.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý 2014-nji ýyla çenli Owganystanyň harbylarynyň ýurduň howpsuzlygy baradaky jogapkärçiligiň agramly bölegini öz üstlerine almalydygyny belläpdi.

Emma NATO-nyň wekili general Wilýam Kaldwell talap edilýän goşmaça instruktorlar çagyrylmadyk halatynda, owgan harbylarynyň prezident tarapyndan bellenilen möhlete çenli bu talaby ödemäge taýýar bolmaz diýip hasaplaýar.

Kladwell, aýratynam, keselhanalary dolandyrmak, «Mi-17» kysymly uçarlary ulanmak we olary bejermek boýunça ýurtda ukyply kadrlary taýýarlamaklyga zerurlygyň bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG