Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskiň golaýyndaky hatyra meýdanynda wandalçylyk edildi


Belorusyň paýtagty Minskiň golaýynda ýerleşýän, Stalin eýýamynyň pidalarynyň hormatyna döredilen hatyra meýdanynda edilen wandalizm hereketleri sebäpli, Belorusyň polisiýasy jenaýat işini açdy.

Bu barada Minsk oblastynyň polisiýa departamentiniň wekili şu gün çykyş etdi.

5-nji noýabrda Kurapaty şäherinde näbelli adamlar 1936-1938-nji ýyllarda repressiýa edilen syýasy, harby we adaty raýatlaryň hormatyna gurulan hatyra meýdanyna zeper ýetirdiler.

Ýerli polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bu hatyra meýdanyna 2008-nji ýylda hem zeper ýetirilipdir. Şonuň bilen bagly 2 sany ýetginjek tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG