Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz parlamentiniň sessiýasy ýene-de gaýra süýşürildi


Gyrgyz parlamentiniň şu gün geçirilmeli ilkinji sessiýasy ýene-de gaýra süýşürildi.

Prezident Roza Otunbaýewa düýnki eden çykyşynda ýurduň parlamentiniň ilkinji sessiýasynyň şu gün boljakdygyny habar beripdi.

Emma, şu gün Gyrgyzystanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň wekili bu sessiýa 10-njy noýabra çenli yza süýşürildi diýip, Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Gyrgyzystanda parlament saýlawlary 10-njy oktýabrda geçirlipdi. Şol saýlawlaryň netijelerine görä, ýurduň parlamentine ýeterlik ses almagy başaran 5 partiýa girdi.
XS
SM
MD
LG