Sepleriň elýeterliligi

Owganlylaryň aglabasy talyplar bilen gepleşikleri goldaýar


Şu gün ýaýradylan pikir soralyşygynyň netijelerine görä, owgan hökümetiniň talyplar bilen gepleşik geçirmek synanşyklaryny ilatyň aglabasy goldaýar.

Aziýa fondunyň ýaýradan bu hasabatyna görä, kämillik ýaşyna ýeten owganlylaryň 83 %-i ýurtda kadaly ýagdaýy döretmek üçin owgan hökümetiniň ýaragly söweşjier bilen gepleşik geçirmeli diýip hasaplaýar.

Şol barlaglarda ilatyň 37 %-niň ýurtdaky esasy uly meseläniň durnuksyz ýagdaýlardygyna ynanýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG