Sepleriň elýeterliligi

Ierusalimiň dawaly territoriýasynda 1300 çemeşi jaý gurlar


Ysraýylyň Içeri işler ministriniň aýtmagyna görä, Ierusalimiň dawaly territoriýasynda ýewreý maşgalalary üçin 1müň 300 çemeşi ýaşaýyş jaýy gurlar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentini metbugat wekili P.J. Krowleýiň aýtmagyna görä, penşenbe güni Amerikanyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu bilen gepleşiklerinde bu meseläni gozgar.

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Ban Gi Mun bu planlar bilen bagly Ysraýylyň premýer-ministri B.Netenýahuwa aladasyny bildirdi.

Palestina awtonomiýasynyň baştutany Mahmut Abbas Ysraýylyň gurluşyk işlerini dowam eden halatynda, Palestinanyň parahatçylyk gepleşiklerine başlamajakdygyny duýdurypdy.
XS
SM
MD
LG