Sepleriň elýeterliligi

Jorj Buş ýene-de Yrak urşuny aklap çykyş etdi


Düýn Birleşen Ştatlaryň öňki prezidenti Jorj Buş ýurduň baştutany bolan döwründe kabul eden şübheli kararlaryny aklap çykyş etdi.

Buş öz çykyşynda terrorçylykda şübhelenenlere sorag edilende, gazaply gynamalaryň ulanylmagy netijesinde köp adamyň ömrüniň halas edilendigini aýtdy.

Mundan başga-da, Buş Birleşen Ştatlaryň söweşijileriniň 2003-nji ýylda Yraga girmeginden soň, bu ýurtda köpçülikleýin gyrgynçylyk ýaraglarynyň tapylmandygyna öz gaharynyň gelendigini, ýöne barybir Yaraga edilen hüjümi dogry diýip hasaplaýandygyny belledi.

Jorj Buş 2009-njy ýylyň ýanwarynda Ak Tamy terk edeli bäri, mediýada seýrek çykyş edýär. Ol soňky wagtlar özüniň täze ýazan yatlamalar kitabyny reklama edip geldi. Bu kitap şu gün giň okyjylar köpçüligine ýaýradyldy.
XS
SM
MD
LG