Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly sportsmenler Aziýa oýunlaryna gatnaşar


12-nji noýabrda Hytaýyň Guanjou şäherinde açylýan XVI Aziýa oýunlaryna Türkmenistandan 160 sany sportsmen gatnaşar.

Bu ýaryşda türkmenistanly sportsmenler sportuň 16 görnüşi boýunça öz güýçlerini synarlar.

Hytaýda geçýän XVI Aziýa oýunlaryna dünýäniň 45 ýurdundan 15 000 çemesi sportsmen gatnaşar diýlip garaşylýar.

Türkmenistanly sportsmenler bu Aziýa oýunlaryna bäşinji gezek gatnaşýarlar.
XS
SM
MD
LG