Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýa korrupsiýanyň ösen regionlaryndan biri. Nähili ýagdaýda regionda bikanun gazanjyň legallaşdyrylmagyna garşy göreş netije berip biler?


Şu günler jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek baradaky Ýewraziýa toparynyň «EAG» missiýasynyň wekilleri Türkmenistana sapar edip, ýurduň maliýe edaralarynyň işgärleri bilen duşuşyk geçirýärler.

Bu gurama agza bolandan soň, Türkmenistan “Jenaýatçylykly ýollar bilen alnan girdejiniň kanunlaşdyrylmagyna hem terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş” babatda kanuny hem kabul edipdi.

Bilermenleriň pikiriçe, jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrmaga näresmi girdeji çeşmeleri köp bolan ýurtlarda ýygy synanyşyk edilýär. Şeýle-de, maliýe edaralarynyň işine gözegçilik mehanizmleri kämil bolmadyk, maliýe işlerinde halkara ölçeglerine eýermeýän, resmi çinownikleri, hukuk goraýjy we sud sistemasy korrumpirlenen döwletlerde-de bikanun gazanç kanunlaşdyrylyp bilinýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň maliýe edaralarynda hasap-hesibi ýöretmek sistemasyny halkara ölçeglerine geçirmek ugrunda köp işler edilýär. Mysal üçin, ÝDÖB-niň hasabatynda Türkmenistanyň banklarynda hasabat bermegiň halkara ölçegleri girizilensoň, banklaryň berýän hasabatlarynyň hiliniň ýokarlanandygy aýdylýar.

Bar bolan böwetler

Moskwada ýerleşýän GDA döwletleri institutynyň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Andreý Groziniň pikiriçe, “bu regiondaky döwletlerde şeýle kanunlar diňe günbatar ýurtlaryny köşeşdirip, hakyky ýagdaýy ýaşyrmak üçin kabul edilýär”.

Şol bir wagtda-da, bilermeniň pikiriçe, bu ýurtlarda kabul edilen şeýle kanunlary durmuşa ornaşdyrmak üçin mehanizmler ýok. Bilermen Merkezi Aziýa döwletlerinde kanunyň durmuşa geçirilmegine gözegçilik edýän edaralaryň ýolbaşçylarynyň wezipesini köp halatda häkimiýet başyndakylaryň dogan-garyndaşlary ýa-da olaryň ýakyn töweregine girýän adamlar eýeleýär diýýär.

Andreý Grozin jenaýatçylykly ýollar bilen alnan girdejiniň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň demokratiýa taýdan ösen, şeýle hem erkin metbugaty, ösen graždan jemgyýeti, garaşsyz sud sistemasy bolan ýurtlarda has gowy netije berýändigini belledi.

Mysal hökmünde bellenilip gecilse, Çehiýa Respublikasy ýaly günbatar ýurtlarda korrupsiýa, jenaýat ýollary bilen alnan girdejiniň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşde köpçülikleýin habar serişdeleriniň roly gaty uly. Mysal üçin, 2004-2005-nji ýyllar aralygynda Çehiýanyň premýer-ministri Stanislaw Grossyň satyn alan emläginiň onuň ömür boýy işläp gazanjak aýlyklarynyň möçberinden hem köpdügini hasaplap çykaran žurnalistler bu syýasatçynyň eýelän ýökary derejeli wezipesini terk etmegini gazanypdylar.

Orsýetli sosiolog Farhat Ilýasow diňe demokratiýa taýdan ösen ýurtlarda erkin metbugatyň netije berýändigini aýdýar. Mysal üçin, sosiologyň aýtmagyna görä, Orsýetde belli bir çinownik baradaky maglumatlar žurnalistler tarapyndan tapylyp, ýaýradylsa hem, şol maglumatlar diňe häkimiýet başyndakylar islän halatynda ulanylyp, şol çinownik wezipesinden boşadylyp bilinýär.

Ol Orsýetde korrupsiýa baş goşan çinownikleriň köpüsine hatda olaryň günäsi metbugatda subut edilensoňam çäre görülmeýär diýýär.

Farhat Ilýasow jenaýatçylykly ýollar bilen alnan girdejiniň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreş alyp barýan Hytaýda şeýle gazanja baş uran adamlara garşy gaty berk çäreleriň görülýändigini, kanunda olaryň garşysyna ölüm jezasynyň-da göz öňünde tutulandygyny belledi.

Korrupsiýanyň ýollary

Merkezi Aziýa döwletlerinde biznes şertnamalaryna gol çekilende, köplenç biznesmenleriň öz aljak girdejileriniň belli bir bölegini dürli mehanizmler boýunça çinownikleriň şahsy bank hasabyna geçirmeli bolýandyklary aýdylýar.

Mysal üçin, Özbegistanda gurluşyk alyp barýan bir kompaniyanyň wekili ylalaşygyň umumy bahasyndan ýarpysyna golaýyny çinownikleriň öz şahsy hasaplaryna geçirmäge mejbur bolandyklaryny gürrüň berdi.

Şeýle hem, Hytaý ýaly yurtlardan döwlet derejesinde karz-kredit alnanda, kähalatda, sol karzyň hasabyna 5 million dollara barabar enjamy 15 million dollara satyn aldyk diýip ýazylyp, iki tarapyň hem çinownikleriniň bikanun baýamagyna ýol berilýändigini ýene bir telekeçi aýtdy.

Bilermen Andreý Grozin Merkezi Aziýa döwletleri bilen bagly şeýle mysallaryň gaty köpdügini belleýär. Onuň pikiriçe, hatda günbatar ýurtlarynyň uly kompaniyalary hem Merkezi Aziýa döwletlerinde garyndaşparazlyk, korrupsiýa ýaly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolup, şeyle ýagdaýlary kabul etmäge mejbur bolýarlar.

Bilermen bu ýurtlarda jenaýatçylykly ýollar bilen alnan girdejiniň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň netije bermegi üçin ýurduň içinde reformalary amala aşyrmagyň zerurdygyny, daşary ýurt kompaniýalarynyň-da bu meselede has berk pozisiýada durmalydygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG