Sepleriň elýeterliligi

Bilim işgärleri neşe barlagyndan geçirilýär


Bilim ulgamynda neşe maddalaryna garaşly adamlaryň işlemegine asla ýol berilmeli däldigi bilen halk köpçüligi doly ylalaşýar.

Bilim ulgamynda neşe maddalaryna garaşly adamlaryň işlemegine asla ýol berilmeli däldigi bilen halk köpçüligi doly ylalaşýar.

Noýabryň başyndan ýurduň bilim işgärleriniň ählisi neşe barlagyndan geçirilmäge degişli edildi. Bu çäre şu aýyň ahyryna çenli doly tamamlanmaly.

Bilim ulgamynda işleýänler ýurduň býujet sistemasyndan aýlyk alýanlaryň esasy bölegini düzýär. Bu ulgamda işleýänleriň neşe barlagyndan geçirilmegi ýöne ýerden däl. Soňky wagtlar mekdeplerde çagalara bilim berýän mugallymlaryň arasynda neşe maddalaryna garaşly adamlaryň ýüze çykarylýandygy barada maglumatlar peýda bolýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda neşekeşlige we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş çäreleri giň möçberde alnyp barylýar. Hususan-da, bu babatda ilat arasynda wagyz-nesihat çärelerine uly üns berilýär.

Şu ýylyň sentýabrynda ýurduň ýolbaşçy wezipelerinde işleýänler hem neşe barlagyndan geçirildiler. Bu barlagyň esasy sebäbi wezipeli kişileriň arasynda neşe söwdasyna ulaşanlaryň ýüze çykarylmagydyr.

Şeýle wakalaryň biri Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň «Daýhanbankynyň» dolandyryjysynyň, Serdar etrabynyň «Gyzylarbat» daýhan birleşiginiň başlygynyň uly möçberde neşe maddasy bilen hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri tarapyndan saklanylmagy bilen bagly ýüze çykypdy.

Ýurduň ýolbaşçy wezipelerinde işleýänleriň neşe barlagyndan geçirilişinde olaryň arasyndan neşe maddalaryna garaşlylarynyň ýüze çykarylandygy barada hiç hili maglumatlar berilmeýär.

Başga tarapy...

Bilim ulgamynda neşe maddalaryna garaşly adamlaryň işlemegine asla ýol berilmeli däldigi bilen halk köpçüligi doly ylalaşýar. Çünki şeýle adamlar okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň deregine olaryň hatardan çykmagyna iterip biler diýen aladalar bar.

Ýöne bilim işgärleriniň neşe barlagyndan geçirilmegi özüniň nähili netije berjekdigi anyk mälim däl. Munuň sebäbi barlagyň möhletiniň juda azlygy bilen düşündirilýär. Berlen möhletiň azlygy barlag geçirilýän ýerlerde uly nobatlaryň döremegine getirýär. Şeýle ýagdaý bolsa barlaglaryň sowuk-sala ýagdaýda geçirilmegine esas döredýär.

Ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň inisiatiwasy bilen geçirilýän şunuň ýaly barlaglarda köplenç öz işini halal ýerine ýetirýän arassa adamlar jebir çekýärler. Olar işlerinden soň barlagdan geçmek üçin nobata durýarlar, kösenýärler. Emma neşe maddalaryna garaşly bolan kişiler bolsa, şeýle barlaglardan aňsat sypmagy başarýarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG