Sepleriň elýeterliligi

Hindistan 64 sany päkistanlyny tussaglykdan boşatdy


Päkistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili Munir Ahmediň aýtmagyna görä, Hindistan düýn Päkistanyň 64 sany raýatyny tussaglykdan azat edipdir.

Bu adamlardan 55-siniň balykçylardan ybaratdygy we olaryň Hind deňizinde Hindistanyň serhedini bozandyklary üçin tussag edilendikleri aýdylýar.

Boşadylanlardan 9-synyň bolsa wiza möhleti gutaransoň hem Hindistany terk etmändigi üçin tussag edilen adamlar.

Hindistanyň bu ädimi ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Hindistana eden saparynyň yzýanyndaky güne gabat geldi. Barak Obama şol saparynyň dowamynda Hindistan bilen Päkistany özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga çagyrypdy.
XS
SM
MD
LG