Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşigi Türkiýä duýduryş berdi


Düýn Ýewropa Komissiýasy Türkiýäniň öz daşary sýyasatyny Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk esasynda alyp barmalydygyny aýdyp, bu barada Ankara duýduryş berdi.

Ýewropa Bileleşiginiň bu baradaky duýduryşy Türkiýäniň Eýran meselesinde ÝB we ABŞ bilen ylalaşman, beýanat bilen cykys etmeginiň yzýanyndaky günlere gabat geldi. Ýakynda Türkiýe Eýrana garşy BMG-niň girizen sanksiýasyna garşy çykyş edipdi.

Ýewropa Bileleşiginiň bu duýduryşy onuň Türkiýäniň Bileleşige agzalyk meselesi barada ýaýradan ýyllyk raportynyň çäginde mälim edildi.

ÝB-niň giňeldilmegi baradaky bölüminiň kommisary Brýusselde geçiren düýnki metbugat ýygnagynda Türkiýäniň etniki türkler bilen grekleriň arasynda bölünen Kipr adasy baradaky sýyasatynyň hem onuň ÝB-e agzalyk boýunça tagallalaryna ýaramaz täsirini ýetirýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG