Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjigistan harby operasiýalaryň netije berýändigini aýdýar


Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, Raşt jülgesindäki yslamçy söweşijilere garşy operasýa üstünlikli amala aşyrylýar we ol ýakynda tamamlanar.

Bu barada şu gün döwlet komitetiniň başlygy Saýmumin Ýatimow GDA agza ýurtlaryň howpsuzlyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Duşenbede geçýän duşuşygynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şol operasiýalar netijesinde birnäçe söweşiji öldürilipdir we başga-da köp söweşiji tussag edilipdir.

Sentýabryň başynda gozgalaňçylar Täjigistanyň harby kerwenine hüjüm edenden soňra Raşt jülgesinde harby operasiýalar başlandypdy.

Şol hüjümde Täjik harby güýçlerinden 25 adam öldürilipdi.

Käbir çaklamalara görä, bu gozgalaňçylar öňki oppozisiýa ýolbaşçylary Mullo Abdullonyň we Ali Bedakiniň tarapdarlary.
XS
SM
MD
LG