Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TAPI proýekti boýunça täze gepleşiklere başlanyldy


Düýn Aşgabatda Transowgan gaz geçiriji baradaky proýekt boýunça nobatdaky gepleşikler başlandy.

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan arkaly guruljak gaz geçiriji baradaky gepleşiklere bu proýekte girýän ýurtlaryň we Aziýa Ösüş bankynyň wekilleri gatnaşýarlar.

4 günläp dowam etjek gepleşikleriň dowamynda proýekt bilen bagly ylalaşygyň şertlerine we beýleki tehniki meselelere serediler.

Transowgan gaz geçirijisi baradaky proýekt boýunça ylalaşyga şu ýylyň dekabrynda dört ýurduň prezidentleriniň Aşgabatda gol goýmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG