Sepleriň elýeterliligi

Deýwid Kameron Hytaýy syýasy azatlygy ösdürmäge çagyrdy


Şu gün Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Hytaýy G-20 toparyny düzýän ýurtlar bilen jebis hyzmatdaşlyga we ýurtda syýasy azatlygy ösdürmäge çagyrdy.

Kameron Pekin Uniwersitetiniň studentleriniň öňünde eden çykyşynda Hytaýyň dünýäniň ykdysady taýdan ösen 20 ýurdy bilen hyzmatdaşlyk etmegininiň dünýäniň ykdysady durnuklylygyna oňaýly täsir etjekdigini aýtdy.

Deýwid Kameron 2 günlük resmi sapar bilen Hytaýa düýn barypdy.

Adam hukuklary boýunça aktiwistler Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kamerony Hytaýda raýatlaryň hukuklarynyň bozulýandygy bilen bagly mesele boýunça yurduň hökümetini ýeterlik tankyt etmeýänlikde aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG