Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Aşgabatda korrupsiýa garşy göreş seminaryny geçirýär


Düýn Aşgabatda ÝHHG-niň howandarlygynda korrupsiýa garşy göreş meselesi boýunça seminar başlandy.

Iki günläp dowam etjek bu seminara Türkmenistanyň prokuraturasynyň, parlamentiniň we başga-da hökümet ministirlikleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Olar Birleşen Milletler Guramasynyň Korrupsiýa garşy göreş boýunça konwensiýasy bilen tanyşdyrylar.

Mundan başga-da, seminara gatnaşyjylar Gazagystanyň, Latwiýanyň, Orsýediň we Özbegistanyň korrupsiýa garşy göreşmek bilen bagly programmalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribelerini öwrenerler.

Türkmenistan 2005-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Korrupsýa garşy göreş boýunça konwensiýasyna goşulypdy.
XS
SM
MD
LG