Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda bolan hüjümlerde 16 harby heläk boldy


Düýn Talyban söweşijileri tarapyndan edilen hüjümlerde Owganystanyň 13 we NATO güýçleriniň hem 3 harbysynyň heläk bolanlygy barada maglumat alyndy.

Owganystanyň Uruzgan welaýatynyň häkimi Hajy Akhodaý Rahym bu wakada ýerli owgan harbylaryndan biriniň Talybanlara harby baza girmäge kömek edendigini we hüjümden soňra-da ol esgeriň Talybanlar bilen bile gaçyp gidendigini aýtdy.

Şeýle-de, düýn Owganystanyň Gunduz welaýatynyň Imam Sahib etrabynda gozgalaňçylar tarapyndan howpsuzlyk güýçleriniň maşynyna edilen hüjümde 4 owgan esgeri öldi.

Talyban topary Owganystanyň günortasyndaky Host welaýatynda janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylan düýnki partlamanyň jogapkärçiligini hem öz üstüne alyp, beýanat ýaýratdy. Şol wakada bir esger bilen bir polisiýa offiseri heläk boldy.
XS
SM
MD
LG