Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejat: «Eýranyň ýadro programmasy barada gürrüň edilmez»


Düýn Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat dünýäniň 6 sany ösen ýurdy bilen geçirilmegi planlaşdyrylýan gepleşiklerde Tähranyň ýadro programmasy barada pikir alşylmajakdygyny aýtdy.

«Biz Eýranyň halkynyň ýadro programmasyna degişli öz fundamental hukuklary barada gepleşikler geçirmek islemeýändigini ençeme gezek beýan etdik. Häzirki göz öňünde tutulýan gepleşikler hyzmatdaşlyk, halkara problemalaryna çözgüt tapmak, dünýäda parahatçylygy ornaşdyrmaga itergi bermek we dünýäniň howpsuzlygyna adalatly ýagdaýda çözgüt tapmaga kömek etmek ýaly meseleleri öz içine alar» diýip Ahmedinejat belledi.

Eýranyň telekanalynda onuň eden bu çykyşy Eýranyň ýadro programmasy boýunça wekili Saed Jaliliniň dünýäniň uly güýçleri bilen Tähranyň gepleşik geçirmäge taýýardygyny yglan etmeginiň yzýanyndaky güne gabat geldi.

Saed Jalili ÝB-niň Daşary gatnaşyklar boýunça wekili Ketrin Aştona iberen hatynda Eýranyň 23-nji noýabrda ýa-da 5-nji dekabrda Türkiýede gepleşiklere başlamaga taýýardygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG