Sepleriň elýeterliligi

R.Otunbaýewa gyrgyz parlamentini hökümeti düzmäge çagyrdy


Düýn Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa ýakynda geçirilen saýlawlarda parlamente girmegi başaran deputatlara ýüzlenip eden çykyşynda olary tizden-tiz hökümet düzmäge çagyrdy.

Gyrgyzystan Merkezi Aziýada ilkinji bolup parlament dolandyryşyna geçen ýurt hasaplanylýar.

Gyrgyzystanda geçen aý geçirilen parlament saylawlarynda 5 partiýa parlamentden orun almagy başardy. Emma olardan hiç biri özbaşyna hökümet düzmek derejesinde üstünlik gazanyp bilmedi.

Otunbaýewa ilkinji parlament sessiýasynyň açylyş dabarasynda eden düýnki çykyşynda deputatlara ýüzlenip olary öz şahsy hem sýyasy matlaplaryny bir gyra goýmaklyga hem-de 27-nji noýabrdan öň hökümet düzmeklige çagyrdy.

Düýn 100-den gowrak protestçi ýurduň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň ýakyn ýarany diýilip hasaplanylýan milletçi «Ata Žurt» partiýasyna garşy protest gurnap, parlamentiň öňüne ýygnandy.
XS
SM
MD
LG