Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilkinji sessiýa netijesiz geçdi


Gyrgyzystanyň täze parlamenti ilkinji sessiýasyny geçirýär. Bişkek, 10-njy noýabr, 2010.
Gyrgyzystanyň täze parlamenti ilkinji sessiýasyny geçirýär. Bişkek, 10-njy noýabr, 2010.

Gyrgyzystanyň parlament saýlawlaryndan soň düýnki gecirilen ilkinji parlament sessiýasyndan edilen umytlaryň çykmandygy aýdylýar.


Bu sessiýa parlamente saýlanan 120 deputatyň hemmesiniň gatnaşmandygy hem belli boldy. Oňa «Ata-Žurt» partiýasynyň lideri Kamçybek Taşyýewiiň gatnaşmazlygy hasam göze ildi.

Parlament saýlawlarynyň netijelerine görä, «Ata-Žurt» partiýasy beyleki partiýalaryň arasynda iň köp ses alan partiýa boldy. Emma partiýa parlamentde sesleriň absolýut köplügini almagy başarmady. Onuň parlamentde 28 orny bar.

Çaklamalara görä, «Ata-Žurt» partiýasy ýurdy dolandyrmaly syýasy koalisiýa goşulman, oppozisiýada galar. Taşyýewiň sessiýa gatnaşmazlygynyň sebäpleri barada hiç hili resmi düşündiriş berilmedi.

Düýn parlamentiň binasynyň öňünde 300-e golaý adam «Ata-Žurt» partiýasyna garşy proteste ýygnandy. Bu protestçileriň aglabasy aprel aýynda ýurduň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew häkimiýetden çetleşdirilende bolan çaknyşyklarda ejir çekenleriň hossarlary. Olar öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň egindeşleriniň parlamentde orun almagyna garşy çykyş etdiler.

«Ata-Žurt» partiýasynyň käbir deputatlary we partiýanyň lideri Kamçybek Taşyýew öňki prezident Bakyýewiň hökümetinde gulluk edipdiler. Protestçileriň nägileliginiň esasy sebäbi şol diýlip, hasap edilýär.

Piket wagtynda protestçiler bu deputatlary parlamentiň binasyna goýbermejek bolup, synanyşyk etdiler we netijede olar polisiýa bilen çaknyşdylar.

Koalisiýa düzmek başardanok

Parlamentiň birinji sessiýasyny ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Akylbek Saryýew açdy. Ol öz çykyşynda: “Biziň ählimiz ýurtda geljek 5 ýylda durnuklylyk üçin tagalla etmeli. Ýurduň häzirki ýagdaýyny göz öňünde tutanymyzda, bu döwlet edaralarynyň amala aşyrmaly iň esasy wezipesi. Biziň öz başlan işimizi ahyryna çenli ýerine ýetirmelidigimize ynanýaryn. Şoňa göra bu işiň jogapkärçiligini siziň özüňize tabşyrýarys” diýip, belledi.

Aprel aýynda Kurmanbek Bakyýew häkimýetden çetleşdirilende bolan bidüzgünçiliker we ýurduň günortasyndaky etniki çaknyşyklar sebäpli oktýabrdaky parlament saýlawlary juda kyn ýagdaýlarda geçdi. Täze saýlanan parlamentiň iň uly ýaşly agzasy, «Ata-Meken» partiýasynyň deputaty Taşbolot Baltabaýew düýn deputatlaryň wezipelerini ýatladyp, deputatlary aprel aýyndan bäri ölen 500 çemesi raýatlaryň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyga çagyrdy.

Bu çagyryş parlamentiň sessiýasynyň dowamynda biragyzdan ylalaşylan ýeke-täk mesele boldy. Häzire çenli parlamentde orun alan bäş partiýanyň arasynda hökümet koalisiýasyny düzmek boýunça gepleşiklerdäki ösüş barada hiç zat aýdylmady.

Parlamentdäki orunlardan 26-syny alan Sosial-Demokratlar beyleki 23 orny eýelän «Respublika» partiýasy bilen gepleşikler geçirdi. Bularyň parlamentde dolandyryjy bloga öwrülmekleri üçin olara ýene-de bir partiýanyň goşulmagy zerur.

«Ata-Meken» partiýasynyň başlygy Ömürbek Tekebaýew hem häzirki wagt Sosial-Demokratlar partiýasynyň baştutany Almazbek Atambaýew bilen gepleşik alyp barýar. Beýleki tarapdan Atambaýew koalisiýany düzmek boýunça «Ata-Žurt» we Bakyýewiň premýer-ministri bolup işlşn Feliks Kulowyň ýolbaşçylygyndaky «Ar-Namys» partiýalary bilen hem gepleşik geçirýär.

Käbir howp-hatarlar

Parlamentiň düýnki sessiýasynda Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa çykyş edip, parlamentiň agzalaryna “öz şahsy we syýasy ambisiýalaryny” gapdalda goýup, 27-nji noýabra çenli täze hökümeti düzmäge çagyrdy.

Otunbaýewa, eger kanun boýunça talap edilýän wagtyň içinde koalisiýa we hökümet düzülmese, onda täze konstitusiýanyň 84-nji maddasyna laýyklykda prezidentiň parlamentde haýsy partiýanyň dolandyryjy partiýa bolmalydygyny yglan etmäge ygtyýarynyň bardygyny ýatlatdy. Onuň bu çykyşyndan soň parlamentiň nobatdaky sessiýasynyň wagty belli edilmän, sessiýa öz işini tamamlady.

Şol bir wagtyň özünde-de, düýn Bişkekde parlament saýlawlarynda parlamentden hiç bir orun alyp bilmedik «Bütin Gyrgyzystan» partiýasy suduň binasynyň öňünde protest geçirdi. Partiýanyň agzalary parlamente saýlawlaryň geçirilýän güni Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň 150 müňden gowrak saýlawçyny ses berijileriň sanawyna goşmagynyň bikanundygyny öňe sürýärler.

Mundan başga-da Orsýetde ýaşaýan gyrgyz immigrantlarynyň sesleriniň güýçsüz diýlip yglan edilmeginiň bikanundygyny hem «Bütin Gyrgyzystan» partiýsy öňe sürýär.

«Bütin Gyrgyzystan» partiýasynyň ýolbaşçylarynyň biri, ýurduň öňki adalat ministri Marat Kaýypow: «Eger sud “Bütin Gyrgyzystan” partiýasynyň wekillerine parlamentde orun bermeli diýen hökümi çykarmasa, onda partiýanyň tarapdarlary täze hökümeti agdarmaga taýýar» diýdi.
XS
SM
MD
LG