Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hillari Klinton bilen Benýamin Netenýahu gepleşik geçirýär


Şu gün Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu gepleşik geçirer.

Olaryň gepleşikleriniň dowamynda Ýakyn Gündogarda parahatçylyk meselesi, şol sanda Ysraýylyň Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky gurluşyk işleri baradaky meselelere serediler.

Şu hepdäniň başynda Ysraýylyň resmileri Iuresalimiň dawaly territoriýasynda ýewreý maşgalalary üçin 1müň 300 çemeşi ýaşaýyş jaýyny gurjakdyklaryny mälim edipdiler.

Palestina awtanomiýasynyň baştutany Mahmud Abbas Ysraýylyň öz gurluşyk işlerini dowam etdiren halatynda, Palestinanyň ýaraşyk gepleşiklerine täzeden başlamajakdygyny duýdurypdy.
XS
SM
MD
LG