Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seulda G-20 toparynyň nobatdaky Sammiti açyldy


Şu gün Birlşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama dünýäniň ykdysady taýdan ösen 20 ýurdynyň Seulda açylan Sammitinde çykyş etdi.

Prezident Obama eden çykyşynda bu ýurtlary öz aralaryndaky oňşuksyzlyklary bir gyra goýmaklyga hem-de dünýä ykdysadyýetini dikeltmek üçin bilelikde işleşmäge çagyrdy.

Iki günläp dowam etjek bu sammtde maslahat ediljek esasy meselelerden şol 20 ýurdyň öz aralaryndaky pul birlikleriniň hümmeti bilen baglanyşykly mesele bolar.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Hytaýy öz eksportyny ýokary derejede saklamak üçin öz pul birligini bilkastlaýyn pes derejede saklaýanlykda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG