Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl - Palestina gepleşikleri boýunça tagallalar dowam eder


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu Ysraýyl bilen Palestinanyň ýolbaşçylarynyň arasynda dowam edýän ýüzbe-ýüz gepleşikleriň gaýtadan başlanmagy boýunça tagallalaryň dowam etdirilmegi boýunça ylalaşdylar.

Bu habar ABŞ-nyň we Ysraýylyň ýolbaşçylarynyň düýn Nýu Ýorkda geçiren duşuşygyndan soň ýaýradylan beýanatda öňe sürülýär. Şol beýanatda geljekde kabul ediljek islendik planda Ysraýylyň howpsuzlygynyň göz öňünde tutuljakdygy hem aýdylýar.

Ysraýyl bilen Palestinanyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky göni gepleşikler sentýabr aýynda başlandy. Emma Ysraýyl Iordan derýasynyň günbatar kenarynda ýewreýlere niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça girizilen gadagançylygyň möhletini uzaltmagy ret edenden soň, palestinaly ýolbaşçylar bu gepleşiklerden çekilýändiklerini yglan edipdiler.

Palestinalylar şol gadagançylyk gaýtadan girizilýänçä ysraýylly ýolbaşçylar bilen göni gepleşik geçirmejekdiklerini aýdyp gelýärler.
XS
SM
MD
LG