Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G-20 walýutany maslahatlaşdy


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew G-20 sammitinde çykyş edýär, 12-nji noýabr.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew G-20 sammitinde çykyş edýär, 12-nji noýabr.
Dünýäniň senagat we ykdysadyýet taýdan ösen 20 döwletiniň ýolbaşçylary Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda geçen iki günlük gepleşikden soň, anna güni öz pullarynyň hümmetini “bäsleşikli ýagdaýda peseltmekden” saklanjakdyklaryny aýtdylar.

G-20-niň ýolbaşçylary dünýäniň ösüşine öz täsirini ýetirýän söwda deňagramsyzlygyny aradan aýyrmagyň çäresini tapmak hakda hem ylalaşdylar.

Ýöne milli söwda defisiti we artykmaçlygy meselesinde çäk goýmak barada ABŞ tarapyndan girizilen teklip goldaw tapmady. Muňa ilkinji nobatda garşy çykanlar dünýäniň iň uly eksportçy iki ýurdy Hytaý bilen Germaniýa.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama sammitden soň beren metbugat konferensiýasynda milli ykdysadyýetinde söwda ugry çakdanaşa agdyklyk edýän ýurtlara eksporta garaşly bolmakdan dynmaklygy ündedi.

“Käbir ýurtlaryň söwdasynda uly artykmaçlyk, käbirleriniňki-de hem uly defisit bar. Ýöntemje edip aýdanyňda, munuň ykdysady krizise ilkinji nobatda goşant goşan deňagramsyzylyga getirmegi mümkin. Bu global ykdysadyýetiň täzeden dikelmegine howp salar” diýip, Obama aýtdy.

Pul nyrhlary

Söwda deňagramsyzlygy baradaky çekişmäniň özenini emele getirýän pul nyrhlary. Birleşen Ştatlaryň resmileri: “Hytaý öz puly ýuany ýasama suratda gowşak saklýar. Bu hem hytaý eksportçularyna adalatsyz artykmaçlygy berýär” diýýärler.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama G-20 sammitinde, 11-nji noýabr.
Obama anna günindäki metbugat konferensiýasynda hem bu tankydy gaýtalady: “Hytaý ýuany asyl nyrhyndan aşakda saklamak üçin bazara gaty köp pul çykarýar. Biziň aýdýanymyz Hytaýyň kem-kemden bazar ykdysadyýetine geçmegi üçin gaty möhüm zat”.

Emma Birleşen Ştatlaryň özi hem dollaryň bahasyny aşakladýanlykda Hytaý we beýleki ýurtlar tarapyndan tankytlanýar. Bu tankyda sebäp bolýan Birleşen Ştatlaryň Merkezi bankynyň ykdysady ösüşi çaltlandyrmak üçin ýene 600 milliard dollar çykdajy etjekdigini aýdanlygy. Munuň dollaryň hümmetini peseltmegi mümkin.

Birleşen Ştatlaryň resmileri bolsa bu tankydy ret edip: “Munuň dollaryň nyrhyna täsiri ýok. Dollaryň nyrhyny kesgitleýän – erkin bazar” diýýärler.

Düzgünler güýçlendiriler

G-20-niň ýolbaşçylary, şeýle-de global maliýe krizisine getiren zadyň maliýe pudagynda bolan öte geçmeleriň bolandygyny boýun alyp, geljekde muňa berk gözegçilik etmek barada ylalaşdylar.

Bilelikde çykarylan beýannamada G-20-niň ýolbaşçylary maliýe düzgünlerini güýçlendirmegiň tarapyny çaldylar. Şeýle hem senagatlaşan güýç bolup, ýetişip gelýän ýurtlara Halkara walýuta fondundan köpräk orun berilmeli edildi. Fondda häzir agdyklyk edýän Günbatar ýurtlary.

Ýewropa iki orny bermek barada ylalaşdy. Braziliýa, Orsýet, Hindistan we Hytaý hem Halkara walýuta fondunyň ýokary orunda durýan 10 paýdarynyň hataryna girýär. Hytaý häzirki wagtda bu sanawda has ýokarlap, 6-njy orundan 3-nji orna geçýär.
XS
SM
MD
LG