Sepleriň elýeterliligi

Inçekesel – milli howp!


BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun, BMG-niň baş sekretarynyň inçekesele garşy göreş boýunça ýörite wekili Jorj Sampaio tarapynda gol çekilen “Inçekeseliň öňüni almak boýunça çagyryş”.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun, BMG-niň baş sekretarynyň inçekesele garşy göreş boýunça ýörite wekili Jorj Sampaio tarapynda gol çekilen “Inçekeseliň öňüni almak boýunça çagyryş”.

Penşenbe güni Bütindünýä saglyk guramasy dünýäniň inçekesel epidemiýasy barada 2010-njy ýyl boýunça hasabatyny ýaýratdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalisti Merdan Saryýew Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropadaky ýerli edarasynyň wekili, doktor Riçard Zaleskis bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Zaleskis, Bütindünýä saglyk guramasy dünýäde inçekeseliň ýaýraýşy barada 2010-njy ýyl boýunça nobatdaky hasabatyny ýaýratdy. Şu hasabatda Türkmenistan barada näme diýilýär?

R.Zaleskis: Türkmenistan barada aýdylanda, Türkmenistanyň halkara guramalar bilen, şol sanda Bütindünýä saglyk guramasynyň Türkmenistandaky edarasy bilen gatnaşyk edýändigi begendirýär. Umuman aýdylanda, inçekesel Türkmenistanda ösen. Ýöne, gynansak-da, onuň derejesi we ýagdaýy bilen bagly bizde ýeterlik maglumat ýok.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda AIDS ýok. Bu bolsa öz gezeginde soraglary döredýär... Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropadaky edarasy inçekesele gözegçilik etmek programmasynyň maglumatlaryna esaslanyp, bu hasabaty taýýarlady.

Inçekeseliň öňüni almak boýunça hökümetiň öz işlerini gowy gurnandygyny, bu ugurda işleýänleriň biliminiň ösendigini we olaryň ministrligiň tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirýändigini gazanylan üstünlikler hökmünde getirmek bolar. Ýöne şol tabşyryklaryň biraz könelişen bolmagy we hökümetiň inçekesele garşy göreşmek üçin edýän tagallalarynyň ählisiniň Bütindünýä saglyk guramasynyň maslahatlaryna laýyk gelmezligi ahmal.

Biz Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri bilen duşuşdyk we oňa öz tapan kemçiliklerimiz barada aýtdyk. Ol biziň beren ähli maslahatymyzy hoşallyk bilen kabul etdi. Häzirki wagtda saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri bu maslahatlar esasynda inçekesele gözegçiligi artdyrmak ugrunda alada edýär.

Azatlyk Radiosy: Jenap Zaleskis, siziň beren şol maslahatlaryňyz nämelerden ybarat?

R.Zaleskis: Birinjiden, Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň öz tabşyryklaryny Bütindünýä saglyk guramasynyň inçekesele garşy göreşmek direktiwasyna esaslanyp, täzelemegini soradyk. Şol sanda inçekeseli tapmaga, onuň infeksiýasyna gözegçilik etmäge, laboratoriýa işlerine we gözegçilik sistemasyna ünsi çekdik. Sebäbi inçekeseliň ýaýramagy, esasanam ýurtda neşekeşligiň gerimi barada bizde ýeterlik maglumat ýok.

Mundan başga-da biz inçekesel bilen bagly gözegçiligiň talaba laýyk däldigini anykladyk. Şol sebäpli biz inçekeseliň ýaýramygynyň öňüni almak üçin Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň öz işlerini ösdürmegini maslahat berdik

Azatlyk Radiosy: Bize Türkmenistanyň raýatlaryndan we ýerli synçylardan gowuşýan maglumatlara görä, inçekesel esasanam türmelerede giň ýaýran. Berilýän maglumatlara görä, türmedäki inçekeselliler zerur medisina hyzmatyny alyp bilmeýärler. Siz bular barada näme aýdyp biljek?

R.Zaleskis: Bular barada ilkinji nobatda aýtjak zadym, “Hut şu mesele boýunça Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty we Adalat ministrlikleri köp iş edýärler” diýip, bize Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginde aýtdylar. Ýöne, gynansak-da, türmelerdäki ýagdaýlary öwrenmek üçin bize türmelere baryp görmäge rugsat berilmedi. Men olar barada hiç hili anyk maglumat aýdyp biljek däl.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak üçin näme edilse, gowy bolardy?

R.Zaleskis: Bizde bu problema nädip çemeleşmelidigi barada kabul edilen ýörite normalar bar. Türkmenistan Ýewropa regionynda inçekeseliň derejesi boýunça uly howply 18 ýurduň arasyna girýär. Şol 18 ýurda esasan hem öňki sowet giňişligindäki döwletler girýär. Olaryň arasynda Türkmenistan hem bar. Şol ýurtlar Ýewropa regionyndaky inçekeseliň umumy möçberiniň 87%-ini emele getirýärler. Şol sebäpden biz inçekesel problemasyna sowetler döwründäki ýaly garaýşy bes edip, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk iş alyp barmagy maslahat berýäris.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG