Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýylyň öňki premýeri Şaron keselhanadan öýüne geçirildi


Anna güni Ysraýylyň öňki premýer-ministri Ariel Şaron keselhanadan öz öýüne geçirildi. 82 ýaşyndaky Ariel Şaron 5 ýyl çemesi wagt bäri huşsuzlykda ýatyr.

Ariel Şaron 2001-2006-njy ýyllar aralygynda Ysraýylyň premýer-ministri bolup işledi.

2005-nji ýylda Ariel Şaron Ysraýylyň Gaza sektoryndan çykmagyň başynda durupdy.

Ariel Şaron Ysraýylyň goranmak ministri bolup işlän döwründe öz ýurdunyň 1982-nji ýyldaky Liwiýa hüjümini planlaşdyrypdy.

2006-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri Ariel Şaron huşsuz ýagdaýda.
XS
SM
MD
LG