Sepleriň elýeterliligi

Aperin, molla Kemine!




«Kimsäge toý-baýram,
kimsäge zulum...»

Kemine

Eýsem, söz meýdanynyň oragyny orup giden, Pyragydan soň sadalyk bilen hoşa çöplän molla Kemine 300 ýyl mundan ozal türkmen topragynyň öňde-soňda düşjek ýagdaýyny ýeke setirde aýnada gören ýaly etmänmi? Daş edipdir!

Ne girip, ne-de çykyp bolýan ýurtda yzly-yzyna bellenýän baýramçylyklary sanap oturmagyň zerurlygy bolmansoň, rus şahyry Robert Roždestwenskiniň ýaňsylaýjy setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär: «Ýurtda şeýle bir baýramçylyk dabarasy köpeldi, indi, dogrudanam, adaty günleri belläýmek galdy!».

Syýasatçylaryň, ykdysadyýetçileriň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, umuman, intelligensiýa wekilleriniň uly toparynyň dogduk mekandan baş alyp çykyp, terkiwatançylyga mejbur bolýan döwri, ady ýitmiş «Küýkiniň», ýagny Owadandepäniň teýinde günäsi subut edilmedik adamlaryň ýuwaş-ýuwaşdan çüýräp barýan ýyllary, eýsem, geçen asyryň 37-sinden habar berenokmy?

Eýsem, Oguljahan Mämikowa bilen Juma Ýazmyradowyň demi-demine ýetmän zowladýan çagyryşlaryndan soň paraddan geçip barýan elleri şarly märekäniň tribuna tarapa ululy-kiçili baýdak bulap, «Ur-r-r-a-a» diýip gygyran döwründen köp wagt geçdimi? Üstesine-de, tribunanyň deňine ýeteniňde, hökman iki gulagyň arasy erin bolaýmalydy.

Millionlarça pajygaly wakanyň içinden sogrup alnan bir mysaly mälim etmegi makul bildim. Takmynan 40 ýyl mundan ozal «Mugallymlar gazetinden» başga ähli metbugat serişdesiniň Aşgabadyň «Sowetskaýa» 46-synda ýerleşendigi köpleriň ýadynda bolsa gerek. Gazet-žurnallaryň ähli materialy şol adresde ýyglyp, şo howlynyň içinde çap hem edilýärdi.

Harp ýygýan linotip maşynlaryň birinde endam-jany gurap giden Rahman aga atly bir agajet ýaşuly işleýärdi. Agrasdy. Töwerek daşyna göz aýlamasy bolmazdy. Ne bir işe gelende salam-heligi bolardy, ne-de öýe gaýdanda kärdeşleri bilen hoşlaşardy.

Her niçigem bolsa, bir sapar ýaşula içini dökdürmek bize başartdy:

-- O döwürler murty başyny iýmişiň demi dag ýarýady, ogul. Menem abraýly bir edaranyň ýolbaşçysydym. Ine-de, geldi bir gun 7-nji noýabr! Her işgäriň eline bir baýdak tutduryp, sürdüler barymyzy köçe ýörişine. Şol dabaraly parad güni Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň we Döwlet howpsuzlygy komitetiniň öňünde iki sany uly syýasy ýalňyşlyk goýberäýsem näme! Birinjiden-ä, tribuna tarapa ýylgyryp seretmedim, ikinjidenem, elimdäki baýdagy ýokaryk galdyrmadym. Asfalty ýaryp çykdymy, gökden indimi - «ümsüm» edaranyň bir wekili zompa çykdy gapdalymdan! «Näme üçin galdyrmadyň baýdagy?» «Elim ýokaryk galanok». «Oň ýaly bolsa, ynha saňa ATAMYZYŇ portreti, göter şuny!». «Güm etsen-aý, ata seňki bolsa özün göteriber!»... Bar bolany şo, ogul. On bir ýyllap Magadanda tokaý ýatyryp, öldüm-öldümde öýe dolanandyryn»...

Aperin, molla Kemine! Sen müň kerem mamla!

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy, şahyry. Bu makaladaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG